Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
syýahatçylyk
Baş sahypa
/
Habarlar
/
syýahatçylyk
09.08.2025 08:36
10k+
"Belavia" awiakompaniýasy Minskden Türkmenbaşy şäherine howa gatnawlaryny dikelder
11-nji awgustdan başlap "Belavia" awiakompaniýasy Minskden Türkmenistana amala aşyrýan uçar gatnawlary Türkmenbaşy şäherine gonarlar. Uçuşlaryň wagtlaýyn geçirilen Balkanabat şäherine soňky gatnaw 9-njy awgustda amala aşyrylar
06.08.2025 17:46
11k+
ABŞ 5 – 15 müň dollar girewine wiza berip başlar
ABŞ her bir arza beriji üçin 5 müň dollardan 15 müň dollara çenli möçberde girewine wiza bermegiň 12 aýlyk synag maksatnamasyny işe girizýär. Ol resminamalarynyň möhletini geçirýän syýahatçylar bilen göreşe gönükdirilendir diýlip, Döwlet departamentiniň federal sanawda hödürlenen resminamasynda aýdylýar
31.07.2025 14:08
5.6k+
Buhara, Kutaisi we Koimbra: The New York Times syýahat üçin iň gowy ýerleri saýlady
The New York Times 2025-nji ýylda baryp görmeli ýerleriň ýyllyk sanawyny hödürledi. Oňa hem işjeň medeni durmuşy bolan şäherler, hem o diýen belli däl ugurlar girdi. Merkezi Aziýa we Kawkaz şäherleriniň arasynda neşir Buharany (Özbegistan) maslahat berýär
30.07.2025 15:05
6.4k+
Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebine talyplyga kabul edilişik dowam edýär
Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebi aşakdaky hünärler boýunça talyp bolmaga çagyrýar: Okuwyň möhleti – 2 ýyl: Myhmanhana hyzmatlary Syýahatçylyk hyzmatlary Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş
28.07.2025 17:45
13k+
Stambulyň howa menzili Ýewropada iň ýygy gatnawly howa menzil boldy: bir günde 1612 gatnaw
Stambulyň howa menzili Ýewropanyň iň köp gatnawly ýerine öwrüldi. Diňe 7-nji iýuldan 13-nji iýul aralygynda howa menzili her günde ortaça 1612 gatnawy amala aşyrdy. Bu barada Ýewropanyň Howa hereketiniň howpsuzlygy guramasy (EUROCONTROL) tarapyndan neşir edilen "Ýewropa awiasiýa boýunça hasabatda" beýan edilýär
28.07.2025 14:28
18k+
Eýran Maşat-Mary ugry boýunça demir ýol gatnawyny işe girizmek meýilleri barada aýtdy
Eýran üç sany täze halkara demirýol ugruny işe girizmek meýilnamasyny mälim etdi. Olaryň arasynda Eýranyň demirgazyk-gündogaryndaky Maşat şäheri bilen Türkmenistanyň Mary şäheriniň arasyndaky gatnaw hem bar. Bu barada Eýranyň Milli demirýol kompaniýasynyň (RAJA) baş direktory Jabbar Ali Zakeri "Borna news" agentligine habar berdi
24.07.2025 17:47
13k+
Bütindünýä syýahatçylyk guramasy dünýäde iň köp syýahat edilýän ýurtlaryň sanawyny çap etdi
Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň (UN Tourism) maglumatlaryna görä, halkara syýahatçylygy 2024-nji ýylda pandemiýadan öňki derejesine ýetdi, ýagny dünýäde syýahatçylaryň sany 1,47 milliard boldy
21.07.2025 23:44
10k+
Bangkokda kagyz fonarlaryň şekilinde myhmanhanalar gurlar
Britaniýanyň Heatherwick Studio binagärlik býurosy Bangkogyň (Tailand) merkezinde guruljak täze Hatai myhmanhana toplumynyň taslamasyny hödürledi. Bina kagyz fonarlaryň stilinde iki aýlaw şekilli köp gatly diňden ybarat bolar
19.07.2025 14:28
16k+
20 paluba, 40 restoran we 10 müň adam: dünýäde iň uly gämi ilkinji gezelenjine taýýarlanýar
Star of the Seas (Deňizleriň ýyldyzy) kruiz gämisi Royal Caribbean kompaniýasynyň flotuna resmi taýdan goşuldy we deňze çykýan dünýäde iň uly gämi bolar. Ýolagçyly ilkinji gezelenç 31-nji awgustda Floridadaky Kanaweral portundan başlar diýip, Stuff neşiri habar berýär
19.07.2025 07:51
21k+
«Türkmenistan» awiakompaniýasy içerki gatnawlarynyň tertibini täzeledi
"Türkmenistan" awiakompaniýasy içerki gatnawlarynyň tertibini täzeledi. Täze tertip 2025-nji ýylyň 25-nji iýulyndan hereket edip başlar. Bu barada awiakompaniýanyň resmi saýtynda habar berilýär. 2025-nji ýylyň
17.07.2025 14:37
11k+
Syýahatçy Kornuollda “ýekeşahyň” kelleçanagyny tapdy
Angliýanyň günorta-günbatarynda, Kornuoll graflygyndaky Tintagel galasynyň harabalygyndan uzak bolmadyk ýerde kanadaly bir syýahatçy maňlaý böleginden bir uly şah çykyp duran kellaçanagy tapdy diýip, Daily Mail habar berýär
16.07.2025 07:06
15k+
“Türkmenhowaýollary” Aşgabatdan Seula ilkinji yzygiderli ýolagçy gatnawyny ýerine ýetirdi
14-nji iýulda Koreýa Respublikasynyň Inçon halkara howa menzilinde Aşgabat-Seul-Aşgabat ugry boýunça ilkinji yzygiderli ýolagçy gatnawynyň açylyş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä
12.07.2025 19:34
8.2k+
Emirates awiakompaniýasynyň biletlerini bitkoin töläp satyn alyp bolar
Emirates awiakompaniýasy (BAE) kriptowalýuta töleglerini girizmek barada Crypto.com kriptobiržasy bilen şertnama baglaşdy. Bu barada awiakompaniýanyň ýolbaşçysy şeýh Ahmed bin Said Al Maktum sosial ulgamlarda habar berdi
12.07.2025 19:18
14k+
Hytaý wizasyz düzgünini 75 ýurda çenli artdyrdy
Hytaýyň Milli immigrasiýa administrasiýasynyň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylda ýurda wizasyz 20 milliondan gowrak adam gelip gördi – bu gelenleriň umumy sanynyň tas üçden biri we bir ýyl ozalkydan iki esse köpdür
10.07.2025 23:56
5k+
Volkswagen ID. Buzz-yň dünýä boýunça syýahaty başlandy. Ol Ginnesiň rekordyny goýmaga dalaş edýär
Meşhur awto syýahatçy Raýner Sitlou Volkswagen ID. Buzz elektroweninde dünýä boýunça gezelenje çykdy. Ol syýahatynyň dowamynda 75 ýurda baryp, takmynan 80 müň kilometri geçmegi meýilleşdirýär. Eger syýahat şowly tamamlansa, bu bir ugruň çäginde elektrik ulagynda baryp görlen ýurtlaryň sany boýunça dünýä rekordy bolar
08.07.2025 09:53
7.5k+
BAE-niň Hökümeti TON kriptowalýutasyny alanlara "altyn wiza" beriljekdigi baradaky habary ret etdi
Birleşen Arap Emirlikleriniň Hökümeti Toncoin kriptowalýutasyny 100 müň dollar möçberinde steýking etmek (şol kriptowalýutanyň hasabyna şol möçberde pul goýmak) we 35 müň dollar komissiýa tölemek arkaly "altyn wiza" almak mümkinçiligi baradaky TON Foundation tarapyndan ýaýradylan habarlaryň hakykata laýyk däldigini mälim etdi
07.07.2025 11:28
4k+
BAE TONcoin-a maýa goýýanlara 10 ýyllyk "altyn wizalary" berip başlady
Birleşen Arap Emirlikleri Toncoin blokçeýn platformasy bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýän täze maksatnama arkaly on ýyllyk altyn wiza almak mümkinçiligini hödürledi. Wiza almak üçin ýüz tutýan adam üç ýyl möhlet bilen azyndan 100 müň dollary TON belgilerine goýmaly
06.07.2025 20:05
16k+
77 ýaşly amerikaly aýal öýüni satyp, syýahatçylyk gämisinden 15 ýyllyk ýer satyn aldy
Kaliforniýanyň 77 ýaşly ýaşaýjysy Şeron Leýn öýüni satyp, Villa Vie Odyssey kruiz gämisinde ýaşamaga göçdi. Ol bu ýerde geljek 15 ýyly geçirmegi meýilleşdirýär. Onuň wakasyny NBC Los Angeles we CNN gürrüň berdi
04.07.2025 12:09
21k+
Donald Trampyň gyzy kaşaň dynç alyş zolagyny gurmak üçin, Albaniýada ilatsyz adany satyn aldy
ABŞ-nyň Prezidentiniň gyzy Iwanka Tramp bilen onuň ýoldaşy Jared Kuşner Albaniýadaky Sazani adasyny satyn aldy. Olar öňki sowet harby bazalarynyň ýerleşýän ýerinde 1,4 mlrd dollarlyk kaşaň dynç alyş zolagyny gurmagy meýilleşdirýärler diýip, «Daily Mail» ýazýar
30.06.2025 19:24
7.2k+
Blue Origin kosmosa 6 syýahatçy iberdi. Indi orbita 750 adam çykyp gördi
Blue Origin kompaniýasy ýolagçylar bilen 13-nji suborbital uçuşyny üstünlikli geçirdi. Bortunda alty syýahatçy bolan New Shepard raketasy 29-njy iýunda ABŞ-nyň merkezi wagty (CDT) bilen 9:39-da Günbatar Tehasdaky Launch Site One meýdançasyndan uçuşa başlady
25.06.2025 16:32
11k+
Aşgabat bilen Awazanyň arasynda ikinji gündelik awtobus gatnawy ýola goýuldy
25-nji iýundan başlap «Awtomobil Ulag Hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Aşgabat — Awaza — Aşgabat ugry boýunça ikinji gündelik gatnawyny ýola goýýar. Bu barada "Türkmenawtoulaglary" agentligi habar berýär
24.06.2025 18:48
8.8k+
Ýaponiýadaky Fudzi dagyna rezin tigirli üýtgeşik tramwaý goýberilýär
Ýaponiýanyň Ýamanasi prefekturasynda adaty asfalt ýollardan hereket etjek rezin tigirli üýtgeşik tramwaýy işe girizmäge taýýarlyk görülýär. Ýöne onuň hereketi magnit markerleriniň ulgamy bilen çäklendiriler. The Asahi Shimbun neşiriniň habar bermegine görä, täze ulag görnüşi Fudzi dagyna barýan alpinistler we syýahatçylar üçin niýetlenýär
19.06.2025 11:18
7k+
Kopengagen dünýäniň ýaşamak üçin iň rahat şäheri diýlip ykrar edildi
Kopengagen 2025-nji ýylda dünýäniň ýaşamak üçin iň rahat şäherleriniň sanawynda birinji orny eýeledi. Reýting Britaniýanyň Economist Intelligence Unit (EIU) analitiki merkezi tarapyndan düzüldi diýip, The Economist habar berýär
18.06.2025 14:09
8.5k+
Qatar Airways - dünýäniň iň gowy awiakompaniýasy. Singapore Airlines-iň bolsa iň gowy ekipažy bar
Qatar Airways World Airline Awards-yň wersiýasy boýunça dünýäniň iň gowy awiakompaniýalarynyň sanawynda dokuzynjy gezek öňdeligi eýeledi. Baýrak gowşurylyş dabarasy Halkara awiakosmos sergisiniň çäginde Parižde geçirildi
12.06.2025 22:42
9.7k+
Dubaýda 2029-njy ýyla çenli dünýäde iň beýik metro stansiýasy gurlar
Dubaýda täze metro liniýalarynyň gurluşygy başlandy. Taslama şäheriň demirgazyk-gündogar bölegini özgertmäge, transport ýüküni azaltmaga we halkara howa menzili bilen göni aragatnaşygy üpjün etmäge gönükdirilendir
10.06.2025 22:07
3.5k+
Türkmenistan BMG-niň Syýahatçylyk guramasynyň Ýewropa sebiti üçin Komissiýasynyň 71-nji mejlisine gatnaşdy
Türkmenistan 4-6-njy iýun aralygynda Azerbaýjanyň Baku şäherinde geçirilen BMG-niň Syýahatçylyk guramasynyň Ýewropa sebiti üçin Komissiýasynyň 71-nji mejlisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi
06.06.2025 09:27
11k+
Mekgä haj parzyny berjaý etmek üçin 1,5 milliondan gowrak zyýaratçy bardy
Haj parzyny berjaý etmek üçin daşary ýurtlardan Mekgä gelen zyýaratçylaryň sany 1,5 milliondan geçdi. Bu barada Saud Arabystanynyň Haj we umra ministrliginiň resmi wekili Hassan an-Nuaými habar berdi. “Häzirki günde haj parzyny berjaý edýän 1,5 milliondan gowrak zyýaratçy patyşalyga beýleki ýurtlardan geldi” – diýip, ol metbugat maslahatynda aýtdy
04.06.2025 15:35
16k+
Germaniýada bir şäher isleg bildirýänlere mugt ýaşaýyş jaýlaryny teklip edýär
2025-nji ýylyň 6-20-nji sentýabry aralygynda Germaniýanyň Aýzenhýuttenştadt şäheriniň häkimiýetleri isleg bildirýänlere doly enjamlaşdyrylan mugt ýaşaýyş jaýlaryny, gezelençleri, şeýle hem tejribe geçmek ýa-da iş tapmak üçin kömek hödürlär
01.06.2025 19:29
3.5k+
Blue Origin alty syýahatçyny suborbital uçuşa iberdi
31-nji maýda alty sany raýat astronawty Blue Origin kompaniýasynyň New Shepard gämisinde suborbital uçuşy amala aşyrdy. NS-32 missiýasy ýerli wagt bilen 8:39-da Tehasdaky Launch Site One kosmodromyndan uçdy. Ekipaž 104 km belentlige ýetip, agramsyzlyk ýagdaýynda 3 minut töweregi boldy – bu Karman çyzygy diýlip atlandyrylýan halkara kosmos serhetidir
31.05.2025 11:06
12k+
Mekgede robot-ýolbelet peýda boldy: ol zyýaratçylara kömek edýär we 11 dilde gürleýär
Hajyň öňüsyrasynda Mekgedäki Al-Haram metjidinde Manara atly gumanoid robot peýda boldy. Ol zyýaratçylary ugrukdyrmaga kömek edip, arap, iňlis, urdu, bengal we malaýýa ýaly 11 dilde soraglara jogap berýär. 2025-nji ýylda haj möwsümi 4 – 9-njy iýunda geçirilýär
25.05.2025 10:46
10k+
Awiakompaniýalar 2026-njy ýyldan ýolagçylara arzan dik durulýan orunlary hödürläp başlar
Käbir arzan awiagatnadyjylar uçarlaryň salonynda dik durulýan orunlary hödürlemek bilen, has köp ýolagçyny ýerleşdirip biler. Daily Mail britan tabloidiniň habar bermegine görä, olar eýýäm 2026-njy ýylda gysga gatnawlarda peýda bolup biler
23.05.2025 19:27
12k+
“Mukaddes Behişt Ýoly” HK umra zyýaratyny gurnap bermek hyzmatyny hödürleýär
Mümkinçiligi bolan her bir musulmanyň umra zyýaratyny amala aşyrmagy sogaply amallardan hasaplanylýar. Mukaddes Käbäniň daşyndan 7 gezek aýlanmak, makamy Ibrahimde namaz okamak, Zem-zem suwundan ine-gana içmek
22.05.2025 20:45
6.6k+
Ispaniýanyň Benidorm şäherindäki Lewante kenary Ýewropada iň arassa kenar boldy
Benidorm şäherindäki Lewante dynç alyş kenary Express britan neşiri tarapyndan Ýewropada iň arassa kenar diýlip atlandyryldy. Ispaniýanyň gündogar kenarýakasyndaky bu şypahana şäheri syýahatçylara diňe bir oturylyşyklary däl, eýsem owadan tebigaty bolan kenarda rahat dynç alşy hödürleýär
22.05.2025 00:31
12k+
20-nji maýdan Aşgabat - Türkmenbaşy ugry boýunça goşmaça awtobus gatnawy işe girizildi
«Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ 20-nji maýdan başlap Aşgabat (Halkara awtomenzil) - Türkmenbaşy - Aşgabat (Halkara awtomenzil) ugry boýunça gündelik goşmaça awtobus gatnawlaryny işe girizdi. Awtobus Aşgabatdan (A
18.05.2025 13:56
18k+
"Türkmenhowaýollary" 19-nji maýdan Türkmenbaşy şäherine gatnawlaryny wagtlaýyn togtadýar
2025-nji ýylyň 19-njy maýyndan başlap "Türkmenistan" awiakompaniýasy Türkmenbaşy şäherine amala aşyrylýan ähli uçar gatnawlaryny wagtlaýyn togtadýar. Wagtlaýyn togtadyljak ugurlar: Aşgabat – Türkmenbaşy – Aşgabat Türkmenabat – Türkmenbaşy – Türkmenabat Mary – Türkmenbaşy – Mary Daşoguz – Türkmenbaşy – Daşoguz Resmi turkmenistanairlines
14.05.2025 11:19
9.6k+
Mermer deňzinde peýda bolan deňiz sülekeýi Türkiýäniň demirgazygynda syýahatçylyk möwsümine howp salýar
Kenarýakada ýerleşýän Erdek şäherinde Mermer deňzinde peýda bolan deňiz sülekeýi Türkiýäniň demirgazygynda syýahatçylyk möwsümine zyýan ýetirip biler. Bu barada ýerli metbugat habar berýär. Syýahatçylaryň we ýaşaýjylaryň “himiki suwoty” diýip atlandyrýan deňiz sülekeýi alymlary alada goýýar
13.05.2025 10:53
14k+
«Turkish Airlines» awiakompaniýasy uçar doly saklanmanka ýerinden turýan ýolagçylara jerime salar
«Turkish Airlines» awiakompaniýasy uçar doly saklanmazdan we howpsuzlyk kemerleriniň çyrasy öçürilmezden öň ýerinden turýan ýolagçylara jerime salar. Bu barada «Akdeniz Gerçek» neşiri habar berýär. Täze düzgünler Türkiýäniň Baş raýat awiasiýasy müdirligi (SHGM) tarapyndan çap edilen görkezmede beýan edilýär
11.05.2025 13:57
8.4k+
15 kadrda dünýä syýahat: BU Global Programs 2025 surat bäsleşiginiň jemleri jemlendi
BU Global Programs-yň guramaçylary her ýyl geçirilýän 13-nji surat bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdi. Ol Boston uniwersitetiniň dünýäniň dürli künjeginden gelen dalaşgärleriň, talyplaryň, uçurymlaryň, mugallymlaryň we bilim edaralarynyň işgärleriniň arasynda geçirilýär
09.05.2025 12:31
5.8k+
«Gulfstream G800» dünýäde iň uzak aralyga uçýan biznes-jet boldy
«Gulfstream G800» biznes-jeti resmi taýdan dünýäde iň uzak aralyga uçýan hususy uçar boldy. Bu howa ulagy ABŞ-nyň Federal raýat awiasiýasy edarasy (FAA) hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Uçuş howpsuzlygy agentligi (EASA) tarapyndan sertifikatlaşdyryldy
08.05.2025 16:57
20k+
Koreýa Respublikasy Türkmenistandan gelýän ýolagçylar üçin täze düzgünleri girizdi
Koreýa Respublikasynyň Migrasiýa gullugy türkmen raýatlary we ýurda girýän ähli ýolagçylar üçin täze düzgünleri girizdi. Bu barada «Türkmenistan» awiakompaniýasy resmi internet sahypasynda maglumat paýlaşdy. Täze düzgünlere laýyklykda, ýolagçylar Koreýa Respublikasyna girmezden öň, ýörite internet portaly arkaly elektron sapar kartasyny doldurmalydyrlar
«
1
…
4
5
6
…
17
»
«
1
2
3
4
5
6
7
8
9
…
17
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.