Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebine talyplyga kabul edilişik dowam edýär

30.07.2025, 15:056,460

Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebi aşakdaky hünärler boýunça talyp bolmaga çagyrýar:

Okuwyň möhleti – 2 ýyl:

  • Myhmanhana hyzmatlary
  • Syýahatçylyk hyzmatlary
  • Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş
  • Jemgyýetçilik iýmitiniň önümleriniň tehnologiýasy
  • Daşky gurşawy goramak we tebigy miras
  • Buhgalterçilik hasaba alnyşy

Okuwyň möhleti – 1,5 ýyl:

  • Syýahatçylygyň hukuk taýdan dolandyrylyşy
  • Buhgalterçilik işi

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2025-nji ýylyň 18-nji awgustyna çenli kabul edilýär.
Isleg bildirýänler ähli welaýatlardan okuwa kabul edilip, umumy ýaşaýyş jaýy bilen üpjün edilýär.

Salgysy: Aşgabat ş., Berkararlyk etraby, 2105/5 (Mämmet Gurbanow) köçesi, 33,
Tel.: 76-75-15, 76-74-14, 76-75-05.
Giňişleýin maglumat üçin: syyahatohom.edu.tm

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.