Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Ýerli
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Ýerli
22.07.2025 09:50
12k+
Serdar Berdimuhamedow welaýat häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi
21-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy
21.07.2025 18:56
4.9k+
Türkmenistanyň biržasy müşderiler üçin täze «Şahsy otag» ulgamyny işe girizdi
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy resmi saýtynda müşderiler üçin täze «Şahsy otag» ulgamyny işe girizdi. Ulgam hödürlenýän hyzmatlaryň aýdyňlygyny, elýeterliligini we netijeliligini ýokarlandyrmak üçin döredildi
21.07.2025 18:21
5.4k+
Hytaýyň täze ilçisi Szi Şumin Türkmenistana geldi
19-nji iýulda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin maşgalasy bilen bilelikde Aşgabada geldi. Aşgabadyň halkara howa menzilinde ilçini Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri we HHR-iň ilçihanasynyň işgärleri garşyladylar
21.07.2025 18:03
10k+
«Ýaňlan, Diýarym! — 2025» telebäsleşiginde Ahal welaýatyndan Alparslan Ýusubow we Jumamyrat Sapargylyjow wekilçilik eder
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäginde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Ahal welaýat tapgyry geçirildi
21.07.2025 17:53
4.6k+
Aşgabatda zenanlaryň arasynda yglan edilen «Gülüň owadan!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi
19-njy iýulda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde çeper elli zenanlaryň arasynda yglan edilen «Gülüň owadan!» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşigi Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariaty bilelikde gurady
21.07.2025 14:07
8.7k+
Awazada geçiriljek BMG-niň halkara maslahatynyň (LLDC3) ýörite ykjam goşundysy işlenip düzüldi
4-8-nji awgust aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna gatnaşjaklar üçin LLDC3 ykjam goşundysy işlenip düzüldi
21.07.2025 12:20
4.4k+
Aşgabat we Kabul bilelikdäki taslamalary işjeňleşdirmek mümkinçiliklerini maslahatlaşýar
Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Owganystanyň ýurdumyzdaky ilçisi Fazl Mohammad Saberiň duşuşygy boldy. Bu barada Bakhtar news agentligi Owganystanyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna salgylanyp habar berýär
21.07.2025 08:04
15k+
Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (21.07 - 27.07)
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Aşgabatda az bulutly, hepdäniň ahyrynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar
20.07.2025 14:46
7.8k+
Türkmenistanyň wekiliýeti Moskwada GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 106-njy mejlisine gatnaşdy
18-nji iýulda Moskwada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Ykdysady geňeşiniň 106-njy mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi E.Aýdogdyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler
20.07.2025 14:40
2.2k+
Türkmenistanyň we Tunisiň daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar
19-njy iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Tunis Respublikasynyň daşary işler, migrasiýa we daşary ýurtlardaky tunisliler boýunça ministri Mohamed Aly Nafti telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler
20.07.2025 14:34
4.3k+
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Pakistanyň ilçisi bilen duşuşdy
18-nji iýulda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Farýal Leghari bilen duşuşdy. Milli Parlamentiň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, D.Gulmanowa ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary berkitmekde uly üstünlikleri arzuw etdi
19.07.2025 18:05
6.8k+
Türkmenistanyň ilçisi Belarus Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy
17-nji iýulda Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde ministriň orunbasary Pawel Utýupin bilen Türkmenistanyň Belarusdaky ilçisi Nazarguly Şagulyýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar
19.07.2025 17:01
8.5k+
Ahal welaýat häkimliginiň 7-nji hünär-tehniki okuw mekdebi talyplyga kabul edýär
Ahal welaýat häkimliginiň 7-nji hünär-tehniki okuw mekdebi 2025/2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär: Himiki-bakteriologiki derňewiň laboranty Elektromontýor
19.07.2025 16:55
5.7k+
Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebi talyplyga kabul edýär
Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebi 2025/2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul etmek işiniň dowam edýändigini habar berýär: Elektrik beketler, torlar we ulgamlar
19.07.2025 14:33
4.1k+
Türkmenistanyň DIM-i Awazada BMG-niň maslahatyna taýýarlyk boýunça brifing geçirdi
18-nji iýulda Türkmenistanyň DIM-nde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk boýunça brifing geçirildi. Bu barada DIM-niň metbugat gullugy habar berdi
19.07.2025 14:14
16k+
Türkmen talyplary Italiýanyň Daşary ýurtlular üçin Perujiýa uniwersitetinde okuwlara gatnaşýarlar
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary 28-nji iýunyndan 2-nji awgust aralygynda Italiýa Respublikasynyň Daşary ýurtlular üçin Perujiýa uniwersitetinde geçirilýän italýan dili we medeniýeti boýunça okuwlara gatnaşýarlar
19.07.2025 14:07
7.9k+
Mitsubishi Heavy Industries "Garabogazkarbamid" zawodyna serwis hyzmaty boýunça şertnama gol çekişdi
Mitsubishi Heavy Industries, Ltd. kompaniýasynyň golçur kärhanasy bolan Mitsubishi Heavy Industries Asia Pacific Pte. Ltd. (MHI-AP) «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen Türkmenistanyň iri dökün zawody bolan Garabogazkarbamid zawodyna serwis hyzmatlaryny ýerine ýetirmek boýunça üç ýyllyk şertnama gol çekdi
19.07.2025 14:00
2.7k+
Buharestde Hökümetara türkmen-rumyn toparynyň mejlisine taýýarlyk maslahatlaşyldy
Türkmenistan bilen Rumyniýa Ykdysady, ylmy we tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara toparyň 8-nji mejlisine taýýarlanyp başladylar. Mejlis 2025-nji ýylyň güýzünde Buharesde geçiriler. Bu mesele Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi Annamämmet Annaýew bilen Rumyniýanyň Maýa goýum we daşarky söwda agentliginiň wise-prezidenti Doru-Klaudian Frunzulikeniň arasynda geçirilen duşuşygyň esasy mowzugy boldy
19.07.2025 12:59
11k+
Türkmenistan Halkara howa menzilleriniň maddy-tehniki binýadyny kämilleşdirer
Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer M.Çakyýew ýurdumyzyň Halkara howa menzilleriniň maddy-tehniki binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi
19.07.2025 12:55
5.8k+
“Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň 30 ýyllygy mynasybetli saglygy goraýyş işgärlerine sowgatlar gowşurylar
Türkmenistanda “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegine 30 ýyl dolýar. 18-nji iýulda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Orazdurdyýewa şanly sene mynasybetli türkmen halkynyň Milli Liderini hem-de Türkmenistanyň Prezidentini gutlady
19.07.2025 12:51
6k+
Hökümet mejlisinde awgust aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada aýdyldy
18-nji iýulda Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Seýidowa awgust aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, geljek aýda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli maslahatlary, brifingleri, döredijilik duşuşyklaryny, aýdym-sazly dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar
19.07.2025 12:49
5.9k+
Serdar Berdimuhamedow «Türkmenhimiýa» DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça teklibi goldady
18-nji iýulda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Annamämmedow «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň oba hojalyk pudagy üçin mineral dökünleri öndürýän zawodlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça zerur çäreler görülýär
19.07.2025 12:45
11k+
Serdar Berdimuhamedow TNGIZT-niň nebit we nebit önümleri guýulýan üçünji gämi duralgasynyň işine badalga berdi
18-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly göni aragatnaşykda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynyň nebit we nebit önümleri guýulýan üçünji gämi duralgasyny işe girizmäge ak pata berdi
19.07.2025 12:04
13k+
Türkmenistan Ýadro ýaragyny gadagan etmek baradaky şertnama goşulmagy meýilleşdirýär
18-nji iýulda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow howpsuzlyk meselelerinde halkara guramalar bilen ýurdumyzyň hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi
19.07.2025 11:59
2.7k+
Türkmenistan Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň Konwensiýasyna we Ylalaşygyna goşulyşar
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň Salgyt meseleleri boýunça özara administratiw kömegi bermek hakynda Konwensiýa hem-de Ygtyýarly taraplaryň maliýe hasaplar boýunça maglumatlaryny awtomatik alyşmagy hakynda köptaraplaýyn Ylalaşyga goşulmagy barada taýýarlanan teklibi makullady
19.07.2025 07:51
21k+
«Türkmenistan» awiakompaniýasy içerki gatnawlarynyň tertibini täzeledi
"Türkmenistan" awiakompaniýasy içerki gatnawlarynyň tertibini täzeledi. Täze tertip 2025-nji ýylyň 25-nji iýulyndan hereket edip başlar. Bu barada awiakompaniýanyň resmi saýtynda habar berilýär. 2025-nji ýylyň
19.07.2025 07:29
16k+
Türkmenistanda alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça Milli maksatnama tassyklanyldy
«Türkmenistanda alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça 2025 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnama» hem-de şu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy
19.07.2025 07:26
7.5k+
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Tailanddaky ilçisini belledi
18-nji iýulda Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky (Kuala-Lumpur şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Badyýewiç Maşalowy, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledi
18.07.2025 07:36
22k+
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna garabag tohumyndan bolan bedew sowgat berildi
17-nji iýulda Azerbaýjana saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Jydyr düzüne bardylar. Jydyr düzi Şuşa şäheriniň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň dynç almak üçin iň meşhur künjekleriniň biri bolupdyr
18.07.2025 07:28
13k+
Gurbanguly Berdimuhamedow meşhur opera aýdymçysy Bülbüliň öý-muzeýine we Göwher Aga metjidine baryp gördi
17-nji iýulda Azerbaýjana saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýew bilen bilelikde Azerbaýjanyň meşhur opera aýdymçysy Bülbüliň Şuşadaky öý-muzeýine baryp gördi
18.07.2025 07:18
10k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Fizuli we Şuşa şäherlerine baryp gördi
17-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjana saparynyň medeni maksatnamasynyň çäklerinde Fizuli we Şuşa şäherlerine baryp gördi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy uçarda Fizuli şäherine ugrady
18.07.2025 06:21
5.2k+
Hytaýly hünärmenler HNGU-da Lu Ban ussahanasyny açmak boýunça Türkmenistana iş saparyny amala aşyrdylar
Hytaý Halk Respublikasynyň Sian nebit uniwersitetiniň we Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň professor-mugallymlary Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Lu Ban ussahanasynyň işini ýola goýmak we ugurdaş ýokary okuw mekdepleri hökmünde özara tejribe alyşmak üçin Türkmenistana iş sapary bilen geldiler
18.07.2025 06:12
3.5k+
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Özbegistanyň ilçisi bilen duşuşdy
17-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Özbegistanyň ilçisi Rawşanbek Alimow bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär. Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar
17.07.2025 18:20
2.6k+
Raşid Meredow Botswananyň halkara gatnaşyklar ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
16-njy iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Botswana Respublikasynyň halkara gatnaşyklar ministri Penýo Butale bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler
17.07.2025 16:53
16k+
Täze Zelandiýada taryhda ilkinji gezek Türkmenistanyň ilçisi işläp başlady
16-njy iýulda Wellingtondaky Hökümet binasynda Täze Zelandiýanyň general-gubernatory Sindi Kironyň adyna ynanç hatlarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Dabaranyň çäginde Türkmenistanyň Täze Zelandiýadaky taryhda ilkinji Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atadurdy Baýramow resmi taýdan akkreditasiýa edildi
17.07.2025 16:42
1.9k+
Raşid Meredow Horwatiýanyň DIM-niň ýolbaşçysy bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
16-njy iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Horwatiýanyň daşary we Ýewropa işler ministri Gordan Grliç-Radman bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär
17.07.2025 13:22
12k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanda “Sea Breeze” dynç alyş toplumyna baryp gördi
16-njy iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjana saparynyň çäklerinde “Sea Breeze” dynç alyş toplumyna baryp gördi. Bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedowy Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew we “Sea Breeze” toplumynyň esaslandyryjysy Emin Agalarow garşyladylar
17.07.2025 13:09
10k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Kawkaz musulmanlarynyň müdiriýetiniň başlygy bilen duşuşdy
16-njy iýulda Azerbaýjanda saparda bolýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow günüň ikinji ýarymynda Kawkaz musulmanlarynyň müdiriýetiniň başlygy Şeýh-ul-islam Allahşukur Paşazade bilen duşuşdy
17.07.2025 12:35
7.1k+
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy
16-njy iýulda Baku şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa bilen duşuşygy boldy. Sahiba Gafarowa türkmen halkynyň Milli Liderini Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň sessiýalarynyň geçýän ýeri bolan uly mejlisler zaly bilen tanyşdyrdy we degişli maglumatlary berdi
17.07.2025 12:27
7.4k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Geýdar Aliýewi we Azerbaýjanyň milli gahrymanlaryny hatyralady
16-njy iýulda Azerbaýjana saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow azerbaýjan halkynyň umumymilli Lideri Geýdar Aliýewiň baky aram tapan ýeri bolan Hormat meýdançasyna baryp, Geýdar Aliýewiň guburyna gül desselerini goýdy
«
1
…
49
50
51
…
160
»
«
1
…
46
47
48
49
50
51
52
53
54
…
160
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.