Türkmenistan Halkara howa menzilleriniň maddy-tehniki binýadyny kämilleşdirer

19.07.2025, 07:5911,437

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer M.Çakyýew ýurdumyzyň Halkara howa menzilleriniň maddy-tehniki binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi hem-de Halkara howa menzillerinde döredilen döwrebap şertler Diýarymyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini artdyrýar. Ulag-kommunikasiýa strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Türkmenistan sebit we halkara derejedäki möhüm ulag-logistika merkezi hökmünde öz ornuny barha pugtalandyrýar. Şulardan ugur alnyp, ýurdumyzyň howa menzilleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow howa menzilleriniň maddy-tehniki binýadyny berkitmek bilen bagly taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere bu babatda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.