Saýlanan şäher
28 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Habarlar
Baş sahypa
/
Habarlar
12.06.2025 22:42
9.7k+
Dubaýda 2029-njy ýyla çenli dünýäde iň beýik metro stansiýasy gurlar
Dubaýda täze metro liniýalarynyň gurluşygy başlandy. Taslama şäheriň demirgazyk-gündogar bölegini özgertmäge, transport ýüküni azaltmaga we halkara howa menzili bilen göni aragatnaşygy üpjün etmäge gönükdirilendir
12.06.2025 22:38
6.9k+
Huawei üýtgeşik kameraly Pura 80 Ultra flagmanyny hödürledi
Huawei resmi taýdan Pura 80 flagman smartfon hataryny hödürledi. Oňa Pura 80, 80 Pro, 80 Pro+ we Pura 80 Ultra modelleri girdi. Tanyşdyrylyş dabarasynda esasy täzelik iki dürli periskopik obýektiw bilen işläp bilýän bir sensora eýe bolan Ultra modeli boldy
12.06.2025 22:28
2.6k+
Türkmenistanda Ylymlar güni mynasybetli halkara ylmy maslahat geçirilýär
Şu gün, 12-nji iýunda Aşgabatda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» halkara ylmy maslahat öz işine başlady. Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekillerini, şeýle hem iki günlük foruma gatnaşyjylary gutlady
12.06.2025 22:10
3.4k+
Şa gyzy Diananyň garderobyndan 100-den gowrak zat auksiona çykarylar
Iýul aýynyň ahyrynda Bewerli-Hillzde (Kaliforniýa ştaty, ABŞ) Princess Diana's Style & A Royal Collection auksiony geçiriler. Onda şa gyzy Diananyň garderobyndan ýüzden gowrak egin-eşik predmeti we aksessuarlar hödürlener diýip, CNN habar berýär
12.06.2025 22:05
4.6k+
Jaguar içinden ýandyrylýan hereketlendiriji bilen soňky awtomobilini çykarar: ol 60 nusga bilen çäklener
Jaguar içinden ýandyrylýan hereketlendiriji bilen soňky awtomobilini çykarar diýip, Carscoops habar berýär. Bu F-Pace SVR 575 Ultimate Edition krossoweriniň çäkli toplumy bolup, bary-ýogy 60 nusga hödürlener. Olar diňe Awstraliýa üçin niýetlenýär
12.06.2025 22:04
2.2k+
2026-njy ýylyň “Formula-1” möwsüminde Madridde hem ýaryş geçiriler
Halkara awtomobil federasiýasy (FIA) we “Formula-1-iň” ýolbaşçylygy 2026-njy ýyl möwsüminiň dünýä çempionatynyň senenamasyny hödürledi. Geçenki üç ýylda bolşy ýaly jemi 24 ýaryş meýilleşdirilýär. Möwsüm 6-8-nji martda Awstraliýadaky tapgyrdan başlar we 4-6-njy dekabrda Abu-Dabide tamamlanar
12.06.2025 18:20
2.9k+
Kann kinofestiwaly indiki ýyl üçin senäni tassyklady
2026-njy ýylda Kann kinofestiwaly 12-nji maýdan 23-nji maý aralygynda geçiriler. Bu barada ýakynda 78-nji möwsümini tamamlan festiwalyň resmi sosial ulgamlarynda habar berilýär. Kann kinobazarynyň geçiriljek senesi heniz belli däl
12.06.2025 12:35
4.8k+
Apple-yň WWDC 2025 tanyşdyrylyşy soňky 10 ýylda iň gysgasy boldy
Apple-iň WWDC 2025 konferensiýasyndaky tanyşdyrylyşy 92 minut dowam etdi – bu soňky on ýylda iň gysga tanyşdyrylyş diýlip, kompaniýanyň resmi YouTube kanalynda habar berilýär. 2015-nji ýyldan 2019-njy ýyl aralygynda tanyşdyrylyşyň dowamlylygy 140 – 145 minut boldy
12.06.2025 12:31
4.5k+
Coldplay, Jeý Balwin, Doja Cat we Tems dagy Klublaýyn dünýä çempionatynyň finalynyň arakesmesinde çykyş eder
Nýu-Jersi ştatynyň Ist-Rezerford şäher okrugyndaky MetLife stadionynda FIFA-nyň Klublaýyn dünýä çempionatynyň final oýnunyň arakesmesinde aýdym-sazly şüweleň bolar. FIFA 13-nji iýulda boljak konsertde kolumbiýaly aýdymçy Jeý Balwiniň, repçi aýdymçy Doja Cat-yň we nigeriýaly artist Temsiň esasy hedlaýnerler boljakdygyny habar berdi
12.06.2025 12:26
8.7k+
Amerikan restoranynda azatmahynyň emeli eti hödürlenip başlandy
ABŞ-nyň Azyk önümlerine we derman serişdelerine gözegçilik edarasy (FDA) Wildtype kompaniýasynyň barlaghanasy tarapyndan döredilen “ýabany azatmahynyň” (losos) emeli etiniň satuwyny tassyklady. Önüm howpsuz diýlip ykrar edildi we eýýäm Oregon ştatynyň Portlend şäherindäki Kann restoranynda myhmanlara hödürlenýär diýip, The Verge habar berýär
12.06.2025 12:25
2.8k+
Disney+ Marvel-den “Demir ýürek” mini-serialynyň täze treýlerini görkezdi
Disney+ “Gara babyr: Wakanda baky” (Чёрная Пантера: Ваканда навеки) filminiň dowamy bolan “Demir ýürek” mini-serialynyň ikinji treýlerini çykardy. Sýužetiň merkezinde Demir ýürek hökmünde tanalýan 15 ýaşly okuwçy we oýlap tapyjy Riri Uilýams durýar
12.06.2025 12:07
6.2k+
Serdar Berdimuhamedow ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ýaşlaryny ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşikde gazanan uly üstünlikleri bilen gutlady. Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, bilim
12.06.2025 10:13
7.7k+
Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň bugdaý meýdanlarynda orak möwsümi başlandy
11-nji iýunda Türkmenistanyň Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň bugdaý meýdanlarynda orak möwsümine badalga berildi. Daşoguz hem-de Balkan welaýatlarynda oragyň başlanmagynyň öňüsyrasynda
12.06.2025 10:07
6.6k+
Serdar Berdimuhamedow RF-niň ýolbaşçylaryny we halkyny Russiýanyň güni bilen gutlady
Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine we Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustine hem-de ýurduň ähli halkyna Russiýanyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi
12.06.2025 10:01
11k+
Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda iş saparynda bolup,bugdaý oragyna ak pata berdi
11-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyna iş saparyny amala aşyryp, welaýatyň çäklerinde galla oragynyň depgini bilen tanyşdy hem-de etrabyň Magtymguly daýhan birleşiginde bugdaý oragyna ak pata berdi
12.06.2025 09:44
11k+
ABŞ-da täze görnüşde Klublaýyn dünýä çempionaty başlaýar: ýaryş barada bilmeli zatlar
15-nji iýundan 13-nji iýul aralygynda ABŞ-da 2025-nji ýylyň futbol boýunça Klublaýyn dünýä çempionaty geçiriler. Taryhda ilkinji gezek ýaryş alty kontinental konfederasiýadan 32 toparyň gatnaşmagynda giňeldilen görnüşde geçer
11.06.2025 22:38
9.6k+
78 ýaşly täze zelandiýaly adam 31 minutlap plankada durup, rekord goýdy
Täze Zelandiýadan Meýnard Uilýams 78 ýyl 135 gün ýaşynda plankada 30 minutdan gowrak wagt saklanyp, täze rekord goýdy. Ol bu maşky ýerine ýetiren iň garry erkek adam boldy diýip, Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berilýär
11.06.2025 22:36
8.9k+
Transfermarkt La Liga klublarynyň düzüm bahalaryny täzeledi: “Real” – birinji, “Barselona” – ikinji
Transfermarkt portaly ispan La Ligasynyň klublarynyň düzümleriniň bahalary boýunça maglumatlary täzeledi. Reýtingde birinji orny oýunçylarynyň umumy bahasy 1,33 mlrd ýewro bolan Madridiň “Realy” eýeledi. “Barselona” 1,07 mlrd ýewro bilen ikinji orunda ýerleşdi
11.06.2025 22:32
5.2k+
Nadalyň “Rolan Garros – 2017-niň” finalyndaky raketkasy rekord pula satyldy
Rafael Nadalyň 2017-nji ýylyň “Rolan Garros” ýaryşynyň finalynda ulanan Babolat raketkasy auksionda 157,3 müň dollara satyldy. Bu häzire çenli tennis raketkasy üçin tölenen iň ýokary mukdardyr diýip, ESPN habar berýär
11.06.2025 22:30
5.2k+
Kanadaly suwda ýüzüji Sammer Makintoş üç günde ikinji dünýä rekordyny goýdy
18 ýaşly kanadaly suwda ýüzüji Sammer Makintoş 200 metr aralyga toplumlaýyn ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy. Bu barada Kanadanyň Suwda ýüzmek federasiýasynyň saýtynda habar berilýär. Ol milli saýlama ýaryşlarynda 2 minut 5,7 sekunt netijäni görkezdi
11.06.2025 16:17
9.3k+
“Mançester Siti” Reýndersi, Şerkini we Ait-Nurini alandygyny habar berdi
“Mançester Siti” dört sany täze oýunçy – goragçy Raýan Ait-Nuri, ýarymgoragçylar Tijani Reýnders we Raýan Şerki hem-de derwezeban Markus Bettinelli bilen şertnama baglaşandygyny habar berdi. Niderlandlaryň milli ýygyndysynyň 26 ýaşly oýunçysy Reýnders topara soňky iki möwsümde oýnan “Milan” klubundan geçdi
11.06.2025 16:04
2.3k+
ChatGPT çat-boty OpenAI-e ýylda $10 mlrd girdeji getirip başlady
OpenAI kompaniýasy ChatGPT çat-boty işe girizilenden soň üç ýyldan az wagtyň içinde 10 mlrd dollar möçberde ýyllyk girdejä ýetdi. Bu barada kompaniýanyň wekiline salgylanyp, CNBC teleýaýlymy habar berdi. Esasy
11.06.2025 16:03
6.5k+
Bütindünýä banky garyplygyň çägini günde 3 dollara çenli ýokarlandyrdy
Bütindünýä banky halkara garyplyk çäginiň adam başyna günde 2,15 dollardan 3 dollara çenli ýokarlandyrylandygyny habar berdi. Bu barada guramanyň habarynda aýdylýar. Geçenki çäk 2017-nji ýylda ýurtlaryň satyn alyjylyk ukybynyň pariteti (purchasing power parity, PPP) baradaky maglumatlaryň esasynda hasaplanypdy
11.06.2025 15:58
7.4k+
“Mançester Siti” iki reňkli zolak bilen täze eşik toplumyny hödürledi
Angliýanyň “Mançester Siti” futbol kluby 2025/2026 möwsümi üçin myhmançylykda geýjek täze eşik toplumyny hödürledi. Germaniýanyň Puma sport brendi eşigiň dizaýnyny Nýu-Ýorkdan dizaýner we hudožnik Kolm Dilleýniň KidSuper studiýasy bilen hyzmatdaşlykda taýýarlady
11.06.2025 15:29
12k+
Nikon Comedy Wildlife Awards 2025 bäsleşiginiň iň gülkünç suratlary hödürlendi
Ýabany tebigatyň gülkünç suratlarynyň bäsleşigi Nikon Comedy Wildlife Awards 2025-iň guramaçylary fotosuratlary kabul etmegiň tamamlanmagyna bir aýyň galandygyny habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, olar soňky aýlarda gelip gowşan iň gülkünç suratlar bilen paýlaşmak kararyna geldi
11.06.2025 14:58
12k+
Braziliýa Dünýä çempionatlarynyň saýlama tapgyrlarynyň ählisinden geçmegi başaran ýeke-täk ýygyndy bolmagynda galýar
Braziliýanyň milli ýygyndysy Paragwaýy 1:0 hasabynda ýeňip, resmi taýdan 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy. Şeýlelikde, Braziliýa ähli dünýä çempionatlarynyň saýlama tapgyryndan geçmegi başaran taryhda ýeke-täk milli ýygyndy bolmagynda galýar
11.06.2025 14:44
12k+
Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde innowasiýalara bagyşlanan halkara maslahat geçirildi
11-nji iýunda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Innowasiýalar, parahatçylyk, durnukly ösüş» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Halkara ylmy-amaly maslahata dünýäniň
11.06.2025 14:10
12k+
Türkmenistanyň wise-premýeri N.Atagulyýew Daşkentde Özbegistanyň Prezidenti bilen duşuşdy
Daşkentde geçirilen Halkara maýa goýum forumynyň çäklerinde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýewiň duşuşygy boldy. Bu barada özbek Lideriniň metbugat gullugy habar berýär
11.06.2025 13:59
3.5k+
Manhart awtobezeg ussahanasy Porsche 911 Turbo S-iň kuwwatyny 1000 at güýji töweregi ýokarlandyrdy
BMW awtoulaglaryna niýetlenen taslamalary bilen tanalýan nemes Manhart týuning-atelýesi Porsche 911 Turbo S-iň 992 nesli üçin üýtgeşmeler toplumyny hödürledi. Täze sazlaýyş bukjasyna TR 900 II diýilýär. Onuň kömegi bilen 3,8 litrlik oppozit hereketlendirijisiniň güýji 650-den 922 at güýjüne, torky 800-den 1090 Nm-a çenli ýokarlandy
11.06.2025 13:58
3k+
Amerikan başlangyjy düwünçeklere genetiki taýdan baha berjek ilkinji programmany döretdi
Amerikanyň Nucleus Genomics startapy emeli tohumlandyrma wagtynda ýatga geçirilmezden ozal düwünçegiň genetiki profilini seljermäge mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji programma üpjünçiligini döretdi. Maksatnama neslegeçiji keselleriň ösmek ähtimallygyna, ömrüň dowamlylygyna, şeýle hem geljekki çaganyň fiziki we aň-bilim aýratynlyklaryna baha berýär
11.06.2025 13:53
4.4k+
BMW iýul aýyndan başlap täze awtoulaglarynyň bahasyny galdyrar
BMW 2025-nji ýylyň 1-nji iýulyndan başlap 2026-njy ýylyň model hataryndaky awtoulaglarynyň hemmesiniň diýen ýaly bahasyny galdyrar. Muňa diňe käbir modeller degişli bolmaz diýip, awtoulag öndürijisiniň dilerler üçin içerki habaryna salgylanýan CarsDirect habar berýär
11.06.2025 13:34
21k+
Özbegistanyň milli ýygyndysynyň futbolçylaryna DÇ-2026-a çykandygy üçin awtomobil sowgat berildi
Özbegistanyň milli ýygyndysy Aziýa yklymynda 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň saýlama ýaryşynyň üçünji tapgyrynyň jemleýji oýnunda Katary 3:0 hasabynda utdy. Topar taryhda ilkinji gezek dünýä çempionatyna çykdy
11.06.2025 13:31
4.3k+
Nematod gurçuklarynyň syýahat etmek üçin “janly diň” guruşlary ilkinji gezek wideo alyndy
Maks Plank Jemgyýetiniň Haýwanlaryň özüni alyp barşy institutynyň we Konstans uniwersitetiniň alymlary ýabany tebigatda ilkinji gezek nematodlaryň adaty bolmadyk hereketini hasaba aldylar. Bu gurçuklar wertikal “janly diňler” görnüşinde düzülip, golaýyndan geçýän mör-möjekleriň bedeninde “ýapyşyp” ondan-oňa geçýärler
11.06.2025 13:18
4.5k+
Samsung kagyz ekranly mahabat tagtasyny çykardy. Ol elektrik çeşmesine birikdirilmezden işleýär
Günorta Koreýanyň Samsung Electronics tehnologiýa ägirdi Сolor E-Paper sanly mahabat tagtasynyň global satuwyna başlady. Enjam reňkli elektron syýa tehnologiýasynyň esasynda gurlan we hemişelik energiýa çeşmesi bolmazdan şekilleri görkezmäge ukyply
11.06.2025 13:14
3.8k+
Alymlar syrly we seýrek Uinston Red göwheriniň syryny açdylar
Alymlar dünýäde iň seýrek we syrly göwherleriň biri, agramy 2,33 karat bolan Uinston Red göwheriniň ilkinji barlagyny geçirdiler. Bu iş Gems & Gemology žurnalynda çap edildi diýip, IFLScience habar berýär. Uinston Red göwheri özboluşly gyzyl reňki bilen tapawutlanýar
11.06.2025 12:56
2k+
Xiaomi Apple-yň ýoluna eýerýär: kompaniýanyň indiki operasion ulgamynyň ady HyperOS 26 bolar
Geçen aýyň ahyrynda Bloomberg agentliginiň žurnalisti Mark Gurman Apple-yň operasion ulgamlaryna at beriş düzgünini üýtgetjekdigini aýdypdy. Indi bolsa, Hytaýyň Xiaomi kompaniýasynyň hem şeýle düzgüne geçmäge taýýarlanýandygy mälim boldy
11.06.2025 12:47
4.8k+
“Lilo we Stiç” remeýki kassa ýygymynda 770 million dollardan gowrak girdeji gazandy
Disney-iň “Lilo we Stiç” multfilminiň oýun remeýki dünýä boýunça kassa ýygymynda 772,5 million dollar toplady. Film 2025-nji ýylda girdejisi 1 milliard dollardan geçen ilkinji film bolup biler. Demirgazyk Amerikada film 335,8 million dollar, halkara bazarlarynda bolsa 436,8 million dollar girdeji gazandy
11.06.2025 12:43
5.6k+
Tilki, bürgüt we Hwerawelliriň gözi: National Geographic Traveller ýylyň iň gowy suratlaryny saýlady
«National Geographic Traveller (UK)» tarapyndan her ýyl geçirilýän «Photography Competition 2025» surat bäsleşiginiň guramaçylary 12-nji tapgyryň netijelerini jemledi. Ýeňijiler alty nominasiýa boýunça kesgitlendi: «Ýabany tebigat», «Peýzaž», «Şäher durmuşy», «Iýmit», «Adamlar» we «Portfolio»
11.06.2025 12:19
1.8k+
Xiaomi 11 dýuýmlyk ekrany bolan iň amatly Redmi Pad 2 planşetini hödürledi
Xiaomi kompaniýasy Redmi Pad 2 planşetini resmi taýdan dünýä bazaryna hödürledi. Bu model brendiň 2025-nji ýyldaky iň elýeterli planşeti bolup durýar diýip, «GSM Arena» habar berýär. Enjam 2560 x 1600 piksel durulygy, 90 Gs täzeleniş ýygylygy we 360 Gs sensor duýgurlygy bolan 11 dýuýmlyk IPS ekran bilen enjamlaşdyrylan
11.06.2025 12:13
8.2k+
“Real” öz stadionyna bagyşlanan dizaýn bilen 2025/26 möwsüminiň eşik toplumyny görkezdi
Madridiň “Realy” adidas tarapyndan taýýarlanan 2025/26 möwsüminiň öý eşik toplumyny görkezdi. Dizaýn “Santýago Bernabeu” stadionynyň taryhyndan ylham alyp, klubuň mahsus reňklerini döwrebap tehnologiýalar bilen utgaşdyrýar
«
1
…
258
259
260
…
1118
»
«
1
…
255
256
257
258
259
260
261
262
263
…
1118
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.