Tilki, bürgüt we Hwerawelliriň gözi: National Geographic Traveller ýylyň iň gowy suratlaryny saýlady

11.06.2025, 12:435,614
1 / 11

«National Geographic Traveller (UK)» tarapyndan her ýyl geçirilýän «Photography Competition 2025» surat bäsleşiginiň guramaçylary 12-nji tapgyryň netijelerini jemledi.

Ýeňijiler alty nominasiýa boýunça kesgitlendi: «Ýabany tebigat», «Peýzaž», «Şäher durmuşy», «Iýmit», «Adamlar» we «Portfolio». Bäsleşige soňky bir ýylyň dowamynda düşürilen suratlar kabul edildi. Bäsleşige hem höwesjeň suratçylar, hem-de Beýik Britaniýadan we Irlandiýadan professionallar gatnaşdy.
Ýeňijiler we baýrakly orunlaryň eýeleri:

Ýabany tebigat:

1-nji orun: Tilki we bürgüdiň garşylygy / © Wiktoriýa Endrýus

2-nji orun: Kanadanyň Alberta prowinsiýasyndaky depelerde arktiki serçeler / © Jo Nun

3-nji orun: Suwuň ýanyndaky ýabany pişik we onuň gulagyna tarap uçup barýan balary / © Hari Kumar Prasannakumar

Peýzaž:

1-nji orun: Islandiýadaky Hwerawellir geotermal meýdanynyň howadan düşürilen görnüşi / © Pawel Zygmunt

2-nji orun: Grenlandiýadaky buzluk / © Edward Hasler

3-nji orun: Daglarda gyş gijesi / © Kristofer Uest

Şäher durmuşy:

Ýeňiji: Singapurda «Gardens by the Bay» tebigat seýilgähiniň diwarlaryny gurşap alan üzüm baglary / © Skott Antkliff

Iýmit:

Ýeňiji: Tibetiň Lhasa şäherindäki maşgala restoranynyň aşhanasy / © Prabir Kumar Mitra

Adamlar:

Ýeňiji: Gyzyl dao halkyndan garry aýal çowlugyna däp bolan senetçiligiň syrlaryny öwredýär / © Jastin Kliff

Portfolio:

Ýeňiji: Nepally monah / © Joşua Mallet

Ähli işler «National Geographic» web sahypasynda elýeterli.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.