Nadalyň “Rolan Garros – 2017-niň” finalyndaky raketkasy rekord pula satyldy

11.06.2025, 17:325,275

Rafael Nadalyň 2017-nji ýylyň “Rolan Garros” ýaryşynyň finalynda ulanan Babolat raketkasy auksionda 157,3 müň dollara satyldy. Bu häzire çenli tennis raketkasy üçin tölenen iň ýokary mukdardyr diýip, ESPN habar berýär.

Şol finalda ispaniýaly tennisçi 6:2, 6:3, 6:1 hasabynda Sten Wawrinkany utdy.
Ozal rekord Nadalyň 2023-nji ýylda 139,7 müň dollara satylan başga bir raketkasyna degişlidi. Ol ony 2022-nji ýylyň Australian Open ýaryşynda ulanypdy. Şol ýaryşda ol Daniil Medwedewi 2:6, 6:7 (5:7), 6:4, 6:4, 7:5 hasabynda utdy. Bu oýun Nadalyň “Uly tuwulga” ýaryşlarynda soňky ýeňşi boldy.
Nadal 2024-nji ýylda Dewisiň Kubogynda oýun karýerasyny tamamlady. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.