Saýlanan şäher
28 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Habarlar
Baş sahypa
/
Habarlar
18.05.2025 14:36
5.6k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýa ösüş bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň direktoryny kabul etdi
17-nji maýda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde Aziýa ösüş bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň direktory Artur Andrisýagy kabul etdi. Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýanyň ösüş banky Türkmenistanyň uzak wagtdan bäri ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde halkara maliýe institutlary bilen gatnaşyklary ösdürmekde aýratyn orun eýeleýändigini aýtdy
18.05.2025 14:27
8.5k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde guruljak desgalaryň taslamalaryna bellikleri aýdyp, düzedişleri girizdi
17-nji maýda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine baryp, täze şäheriň çäklerinde gurulmagy hem-de durky täzelenmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy
18.05.2025 14:12
1.9k+
Raşid Meredow ÝHHG bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça birnäçe teklipleri beýan etdi
17-nji maýda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen birnäçe teklipleri beýan etdi. Teklipleriň hatarynda:
18.05.2025 13:56
18k+
"Türkmenhowaýollary" 19-nji maýdan Türkmenbaşy şäherine gatnawlaryny wagtlaýyn togtadýar
2025-nji ýylyň 19-njy maýyndan başlap "Türkmenistan" awiakompaniýasy Türkmenbaşy şäherine amala aşyrylýan ähli uçar gatnawlaryny wagtlaýyn togtadýar. Wagtlaýyn togtadyljak ugurlar: Aşgabat – Türkmenbaşy – Aşgabat Türkmenabat – Türkmenbaşy – Türkmenabat Mary – Türkmenbaşy – Mary Daşoguz – Türkmenbaşy – Daşoguz Resmi turkmenistanairlines
18.05.2025 13:42
3.4k+
Hökümet mejlisinde çagalaryň we ýetginjekleriň tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk işleri barada aýdyldy
Şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Orazdurdyýewa çagalaryň we ýetginjekleriň tomusky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada aýtdy. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň çagalar dynç alyş - sagaldyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsümini talabalaýyk geçirmek üçin zerur şertler döredilýär
18.05.2025 10:12
5.1k+
Režissýor Ari Asteriň “Eddington” filmi Kann festiwalynda 7 minutlyk el çarpyşma mynasyp boldy
Režissýor Ari Asteriň baş keşpleri Hoakin Feniks bilen Pedro Paskalyň ýerine ýetirmegindäki “Eddington” filmi Kann kinofestiwalynda 7 minutlyk el çarpyşmalara mynasyp boldy. Bu barada Deadline portaly habar berýär
18.05.2025 10:09
4.9k+
“Ýewrowideniýe-2025” aýdym-saz bäsleşiginde Awstriýa ýeňiji boldy
Awstriýaly aýdymçy JJ (Ýohannes Pitç) Şweýsariýanyň Bazel şäherinde geçirilen “Ýewrowideniýe-2025” aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. “Wasted Love” (“Biderek söýgi”) aýdymyny ýerine ýetiren aýdymçy 436 bal gazandy
18.05.2025 10:02
11k+
Türkmenistanda “Soňky jaň” dabarasyna taýýarlyk görülýär
17-nji maýda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Orazdurdyýewa 2024–2025-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy, “Soňky jaň” dabarasy, şeýle hem Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli guraljak çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi
18.05.2025 09:19
2.6k+
Maý aýynyň ahyrynda Aşgabatda iki sany aýdym-saz festiwaly geçiriler
Maý aýynyň ahyrynda Aşgabat şäherinde «Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwaly, şeýle hem ýaşlar simfoniki orkestriniň we birleşen çagalar horunyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly aýdym-sazly festiwaly geçiriler
18.05.2025 09:11
1.7k+
Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçiriler
17-nji maýda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer N.Atagulyýew Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralara görülýän taýýarlyk işleri barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Bellenilişi ýaly
18.05.2025 09:06
6.4k+
Serdar Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli çärelere gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy
Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli 24–25-nji maýda «Ak şäherim Aşgabat» atly ХХIV köpugurly halkara sergisi we maslahatyny geçiriler. Bu çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada wise-premýer B.Annamämmedow 17-nji maýda geçirilen Hökümet mejlisinde hasabat berdi
17.05.2025 23:42
13k+
Türkmenistanyň Prezidenti 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek hakynda resminama gol çekdi
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow geljek ýyl üçin ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasynyň, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we Maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny
17.05.2025 19:53
6.7k+
ABŞ-da Jeep Grand Cherokee ulagynyň täze wersiýasy hödürlendi
ABŞ-da 2026-njy ýylyň Jeep Grand Cherokee ulagynyň täze wersiýasy hödürlendi. Ýolsuz ýerden ýöreýän bu model 1993-nji ýylda başlanan däpleri dowam etdirmek bilen, has döwrebap we rahat boldy. Bu onuň premium SUV ulaglarynyň arasynda bäsdeşlige ukyplylygyny güýçlendirýär
17.05.2025 19:52
8k+
Toyota 375 at güýji we 420 km geçýän ýoly bilen bZ Woodland krossowerini çykardy
Toyota kompaniýasy täze bz Woodland elektrik krossowerini anons etdi. Model syýahatçylara niýetlenip, doly herekete getiriji, umumy kuwwaty 375 at güýji bolan iki elektrik hereketlendirijisi we ýolsuz ýerden hereket etmek üçin X-Mode ulgamy bilen enjamlaşdyryldy
17.05.2025 19:49
7.4k+
Has uzyn, giň we kuwwatly täze Toyota bZ4X Touring çykdy. Geçýän menzili 560 km çenli
Toyota kompaniýasy Touring ady bilen bZ4X elektrik krossoweriniň täze görnüşini hödürledi. Ol Ýewropa bazary üçin niýetlenip, uly göwrümi we amatlylygy bilen tapawutlanýar. Model adaty bZ4X-den 140 mm uzyn we 20 mm beýik boldy
17.05.2025 19:44
7.9k+
Los-Anjelesdäki Olimpiada-2028-de tomaşaçylary aerotakside gatnatmak meýilleşdirilýär
Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Archer Aviation kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyga girdi. BBC-niň habar bermegine görä, esasy Olimpiýa desgalarynyň arasynda tomaşaçylary gatnatmak üçin howa taksisini ulanmak meýilleşdirilýär
17.05.2025 19:42
4.4k+
Janni Infantino: FIFA-nyň girdejisi dört ýylda iki esse artyp, $13 mlrd boldy
Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) girdejisi soňky dört ýylda 6,5 mlrd dollardan 13 mlrd dollara çenli artdy. Bu barada FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino guramanyň Asunsýonda geçirilen 75-nji kongresinde eden çykyşynda habar berdi
17.05.2025 19:40
3.9k+
NASA 20 ýyldan gowrak ozal öçürilen “Woýajer-1” zondunyň hereketlendirijilerini işletmegi başardy
NASA-nyň inženerlerine 20 ýyldan gowrak wagt ozal öçürilen we häzire çenli düzedip bolmaýan hasaplanan “Woýajer-1” zondunyň ugrukdyryjy hereketlendirijileriniň işini dikeltmek başartdy. 2002-nji ýylda gyzdyryjylaryň öçürilmegi sebäpli olaryň işinde bökdençlik ýüze çykdy diýlip hasaplanypdy
17.05.2025 19:34
6.4k+
TikTok meditasiýa funksiýasyny işe girizdi, ol ukynyň hilini gowulandyrmaga kömek eder
TikTok meditasiýa funksiýasynyň işe girizilendigini habar berdi. Ol ukyny gowulandyrmaga we gije programmada sarp edilýän wagty azaltmaga gönükdirilendir. Ozal bu funksiýa ýetginjekleriň arasynda synagdan geçirildi, indi bolsa ähli ulanyjylar üçin elýeterlidir
17.05.2025 16:42
14k+
“Barselona” toý tutýar: ýeňiş ýörişi 670 müň adamy ýygnady
16-njy maýda agşam “Barselona” futbol kluby şäheriň köçeleri bilen çempionlyk ýörişini geçirdi. Oýunçylar we tälimçiler ştaby üsti açyk iki gatly awtobusda Kataloniýanyň paýtagtyna aýlandy. Ýöriş ýerli wagt bilen sagat 18:00-da başlady
17.05.2025 14:53
3.4k+
Dünýäniň elektromobil bazary soňky 4 ýylda tas üç esse ösdi
Dünýäde elektromobil satuwy 2025-nji ýylyň ilkinji dört aýynda 5,6 mln ulaga ýetdi we bu 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 29% köpdür. Diňe aprel aýynda 1,5 mln elektrokar satyldy diýip, Rho Motion habar berýär
17.05.2025 14:51
9.4k+
Samsung ultra-inçe Galaxy S25 Edge-iň mahabatynda iPhone-y ýaňsylaýar
Samsung şu hepde ýogynlygy 5,85 mm bolan Galaxy S25 Edge smartfonyny hödürledi. Şondan soň, kompaniýa iki wideo çykaryp, onda öz smartfonynyň ýeňil agramyna we inçeligine ünsi çekip, ony iPhone 16 Pro bilen deňeşdirdi
17.05.2025 14:47
7.3k+
ABŞ-da polatdan 10 esse berk bolan agaç döredildi
Merilendden InventWood amerikan kompaniýasy Superwood ady bilen täze gurluşyk materialyny hödürledi. Ol tebigy agajyň häsiýetlerini saklaýar, ýöne şol bir wagtyň özünde berkligiň agrama gatnaşygy boýunça polatdan 10 esse berk diýip, Interesting Engineering neşiri ýazýar
17.05.2025 14:40
1.2k+
OpenAI programmistlere gönükdirilen GPT-4.1 modelini çykardy
OpenAI kompaniýasy ChatGPT hyzmatynda GPT-4.1 we GPT-4.1 mini modellerini çykardy. Kompaniýa X sosial ulgamynda täze modelleriň ilkinji nobatda kod ýazmak we düzetmek boýunça gurallara zerurlygy bolan programmistlere gönükdirilendigini habar berdi
17.05.2025 14:38
2.6k+
Pariž medeniýet we sungat muşdaklary üçin iň gowy şäher hökmünde saýlandy
Pariž 2025-nji ýylda medeniýet we sungat söýüjileri üçin dünýäniň iň gowy şäheri diýlip ykrar edildi. Bu barada Time Out žurnaly habar berdi, ol dünýäniň dürli şäherlerinden 18,5 müňden gowrak ýaşaýjy bilen pikir soraşma geçirdi
17.05.2025 14:24
1.8k+
Mejlisde Türkmen-Eýran Parlamentara dostluk toparynyň duşuşygy geçirildi
16-njy maýda Türkmenistanyň Mejlisiniň binasynda Türkmen-Eýran Parlamentara dostluk toparynyň agzalarynyň duşuşygy geçirildi. Bu barada milli parlamentiň metbugat gullugy habar berýär. Duşuşygyň maksady ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň işiniň kämilleşdirilmegi hem-de ugurdaş komitetleriň, arasyndaky gatnaşyklaryň ýola goýulmagy bilen bagly pikir alyşmalardan ybarat boldy
17.05.2025 14:21
3.5k+
Türkmenistan «Russia Halal EXPO» halkara sergisinde ykdysady kuwwatyny görkezýär
Türkmenistan “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum 2025” XVI halkara ykdysady forumynyň çäklerinde “Kazan EKSPO halkara sergi merkezinde geçirilýän “Russia Halal EXPO 2025” halkara sergisine gatnaşýar. Serginiň
17.05.2025 14:09
14k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Kazanyň iň meşhur teatrlarynyň birine baryp gördi
16-njy maýda türkmen halkynyň Milli Lideriniň hormatyna Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň adyndan berlen günortanlyk naharyndan soňra Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Kazanyň iň meşhur teatrlarynyň biri bolan Galiasgar Kamal adyndaky Tatar döwlet akademiki teatryna baryp gördüler
17.05.2025 14:02
6k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Kazanda Rustam Minnihanow bilen duşuşdy
16-njy maýda Kazan Kremlinde Tatarystanyň Baştutanynyň resmi kabulhanasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň duşuşygy boldy
17.05.2025 13:51
5k+
Gurbanguly Berdimuhamedow "KazanForum 2025-de" birnäçe başlangyçlary öňe sürdi
16-njy maýda Tatarystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum 2025” XVI halkara ykdysady forumyna gatnaşdy
17.05.2025 13:28
5.1k+
Marsda ilkinji gezek polýar şöhleleri surata düşürildi
NASA-nyň Perseverance mars roweri ilkinji gezek Marsda polýar şöhleleriniň emele gelýän pursadyny surata almagy başardy. Bu hadysa Günden gelýän koronal massa zyňyndylarynyň netijesinde ýüze çykdy. MAVEN we Mars Express atly missiýalaryň maglumatlary bu açyşy tassyklady
17.05.2025 13:25
9.1k+
SAIC dünýädäki iň uly awtoparomy suwa goýberdi: ol her saparda 9500 awtoulag daşaýar
Dünýädäki iň uly ro-ro görnüşli gämi «SAIC Group-yň» golçur kompaniýasynyň flotuna goşuldy. 15-nji maýda gämi Hytaýdan Ýewropa tarap ilkinji saparyna ugrady diýip, «ITHome» portaly habar berýär. Ägirt «Anji Ansheng» awtoparomy bir gatnawda 9500 awtoulag daşap bilýär
17.05.2025 13:22
10k+
Ronaldu yzygider üçünji ýyl iň köp gazanýan türgenleriň sanawynda birinji orny eýeledi
Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubunda çykyş edýän portugaliýaly futbolçy Kriştianu Ronaldu yzly-yzyna üçünji ýyl «Forbes» žurnaly tarapyndan dünýäniň iň köp gazanýan türgeni diýlip ykrar edildi. Neşiriň berýän maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylyň 1-nji maýyndan 2025-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli onuň girdejisi 275 mln dollara ýetipdir
17.05.2025 13:18
5.9k+
Toyota «Land Cruiser-iň» binýadynda döredilen wodorodly roweri Aýa iberer
Toyota kompaniýasy «Lunar Cruiser» atly Aý roweriniň ilkinji açyk synaglaryny geçirdi. Rower Ýaponiýanyň JAXA we ABŞ-nyň NASA agentlikleri bilen hyzmatdaşlykda işlenip düzülýär. Taslama «Land Cruiser» modeline esaslanýar we geljekki «Artemis» missiýalary üçin ulanyljak ulag hökmünde 2019-njy ýyldan bäri kämilleşdirilýär diýip, «autoevolution» habar berýär
17.05.2025 13:12
3.4k+
Türkmenistanyň Döwlet sirki täze sirk tomaşasyna çagyrýar
Türkmenistanyň Döwlet sirki täze sirk tomaşasyny görmäge çagyrýar. Çykyşlar 18-nji maýda sagat 18:00-da başlanýar. Çykyşlaryň dowamynda dürli sirk oýunlary, artistleriň täzeden-täze şowhunly çykyşlary, dünýäniň
17.05.2025 11:59
2k+
ChatGPT dünýäniň iň meşhur 5 saýtynyň biri boldy
Similarweb-iň reýtingine görä, chatgpt.com dünýäde iň köp girilýän saýtlaryň arasynda 5-nji orny eýeledi. Ulanyjylar bu saýtda ortaça 7 minutdan gowrak wagt sarp edýärler we her zyýaratda 4-den gowrak sahypa girýärler
17.05.2025 11:51
5.1k+
III Bişkek kinofestiwalynda Nurmyrat Saryhanowyň "Kitap" hekaýasynyň kino görnüşi görkeziler
2025-nji ýylyň 11-15-nji iýuny aralygynda Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde III Halkara Bişkek kinofestiwaly geçiriler. Bu çärä beýleki ýurtlar bilen birlikde türkmenistanly kinematograflar hem gatnaşar. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň filmleri boýunça bäsleşik maksatnamasyna Nurmyrat Saryhanowyň "Kitap" hekaýasynyň esasynda düşürilen adybir çeper film girizildi
17.05.2025 09:48
6.3k+
Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum 2025» forumyndaky ÇYKYŞY
(Kazan şäheri, 2025-nji ýylyň 16-njy maýy) Hormatly Rustam Nurgaliýewiç! Hormatly foruma gatnaşyjylar! Hanymlar we jenaplar! Ilki bilen, «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum 2025» XVI halkara ykdysady foruma gatnaşyjylara mähirli salam bilen ýüzlenmäge rugsat ediň
17.05.2025 09:41
11k+
Gurbanguly Berdimuhamedow RF-niň Prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
16-njy maýda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
17.05.2025 09:34
11k+
Haj parzyny berjaý etmek üçin Türkmenistandan 289 zyýaratçy Saud Arabystanyna iberiler
2025-nji ýylyň 31-nji maýy — 23-nji iýuny aralygynda haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçy Türkmenistandan Saud Arabystany Patyşalygyna iberiler. Degişli Buýruga Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi
«
1
…
276
277
278
…
1118
»
«
1
…
273
274
275
276
277
278
279
280
281
…
1118
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.