Ilon Maskyň Grok çat-boty sähel salymda sesli wideo döredip biler
01.08.2025 15:08
5.2k+

Ilon Maskyň Grok çat-boty sähel salymda sesli wideo döredip biler

Ilon Maskyň xAI kompaniýasy tarapyndan döredilen Grok çat-boty Aurora modelinde işleýän Imagine wideo döretmek funksiýasyna eýe bolar. Bu barada Grok topary X sosial ulgamynda habar berdi. Imagine funksiýasy ulanyjylara tekst beýanynyň esasynda derrew sesli wideo döretmäge mümkinçilik berer
Gadymy Müsür artefaktynda tötänleýin 4000 ýyllyk el yzy tapyldy
01.08.2025 15:02
5.9k+

Gadymy Müsür artefaktynda tötänleýin 4000 ýyllyk el yzy tapyldy

Kembrijdäki Fisuilýam muzeýinde saklanýan Gadymy Müsür artefaktynda hünärmenler 4000 ýyllyk el yzyny tapdylar. Tapyndy açylyşy 3-nji oktýabra meýilleşdirilen sergide görkeziler diýip, CNN ýazýar. El yzy “ruhlar öýüniň” – gurban etmek üçin aramgählerde we ruhlar üçin öý hökmünde ulanylan iki gatly binanyň şekilindäki palçyk predmetiň düýbünde tapyldy
Týunerler BMW XM-i 1000 at güýjüne çenli güýçlendirdi
01.08.2025 15:00
4.5k+

Týunerler BMW XM-i 1000 at güýjüne çenli güýçlendirdi

G-Power atelýesi kuwwaty 950 at güýjüne we aýlanma güýji 1400 Nm deň bolan kämilleşdirilen BMW XM superkrossowerini hödürledi. Model Mansory-dan karbon kuzow elementlerine, 23 dýuýmlyk disklere, ýörite döredilen gaz çykaryjy ulgama, kuwwaty artdyrylan goşa turboly 4,4 litrlik V8 hereketlendirijisine eýe boldy
Bragi we OpenAI nauşnikler üçin ChatAI ses kömekçisini işe girizer
01.08.2025 14:51
1.2k+

Bragi we OpenAI nauşnikler üçin ChatAI ses kömekçisini işe girizer

Ozal akylly nauşnikleri öndüriji hökmünde belli bolan, häzir bolsa audiogajetler üçin platformalary işläp düzýän Bragi nemes kompaniýasy OpenAI bilen hyzmatdaşlyk barada yglan etdi. Bilelikdäki taslama ChatAI adyny aldy – bu GPT 4
ABŞ-da 1994-nji ýylda doňdurylan düwünçekden çaga dünýä indi
01.08.2025 14:49
19k+

ABŞ-da 1994-nji ýylda doňdurylan düwünçekden çaga dünýä indi

ABŞ-da 31 ýyl mundan ozal doňdurylan düwünçekden çaga dünýä indi. Bu barada MIT Technology Review ylmy žurnaly habar berýär. Ogaýo ştatyndan är-aýal 1994-nji ýylda ekstrakorporal tohumlandyrma (ECO) prosedurasynyň netijesinde döredilen düwünçegi ulanmak kararyna geldi
Serdar Berdimuhamedow Şweýsariýanyň Prezidentini ýurduň milli baýramy bilen gutlady
01.08.2025 10:48
5.8k+

Serdar Berdimuhamedow Şweýsariýanyň Prezidentini ýurduň milli baýramy bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti Karin Keller-Zuttere ýurduň milli baýramy — Konfederasiýa güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany ýakymly
Awazada geçiriljek BMG-niň maslahatynda dünýä derejesinde durmuş ugurly meselelere garalar
31.07.2025 21:56
13k+

Awazada geçiriljek BMG-niň maslahatynda dünýä derejesinde durmuş ugurly meselelere garalar

Ilaty 570 milliondan geçýän, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar geografik ýerleşişi boýunça umumy kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Bu meseleler olaryň beýleki ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryna oňaýsyz täsirini ýetirýär
Samsung-yň paýnamalary Tesla bilen geleşigiň netijesinde soňky 20 ýylda iň gowy döwrüni başdan geçirýär
31.07.2025 21:45
7.2k+

Samsung-yň paýnamalary Tesla bilen geleşigiň netijesinde soňky 20 ýylda iň gowy döwrüni başdan geçirýär

Tesla bilen ýarymgeçiriji komponentleri öndürmek üçin 16,5 milliard dollarlyk garaşylmadyk ýagdaýda şertnama baglaşandan soň, Samsung kompaniýasynyň paýnamalary 10% töweregi ýokarlandy. Iýul aýynyň başyndan bäri kompaniýanyň paýnamalary 20% gymmatlady
Internetsiz işleýän Bitchat messenjeri indi App Store-da elýeterli boldy
31.07.2025 21:08
7.7k+

Internetsiz işleýän Bitchat messenjeri indi App Store-da elýeterli boldy

Twitter-i esaslandyryjylaryň biri Jek Dorsi tarapyndan döredilen Bitchat gysga beta-synagdan soň resmi taýdan App Store-da çykdy. Bu programma ulanyjylaryň arasyndaky aragatnaşyk üçin Bluetooth ulanyp, interneti, telefon belgisini, serwerleri ýa-da elektron poçtany talap etmeýär
“Tagtlaryň oýnunyň” ýyldyzy ýerden agyrlyk götermekde dünýä rekordyny goýdy – 505 kg
31.07.2025 21:07
14k+

“Tagtlaryň oýnunyň” ýyldyzy ýerden agyrlyk götermekde dünýä rekordyny goýdy – 505 kg

“Tagtlaryň oýny” serialynda jenap Grigor “Dag” Kliganyň keşbini ýerine ýetiren Haftor Ýulius Býornsson ýerden agyrlyk götermekde täze dünýä rekordyny goýdy. Bu barada BarBend habar berýär. Germaniýada geçirilen Eisenhart Black Competition ýaryşynda islandiýaly türgen 505 kg agramly ştangany göterdi
Hytaýyň Robotera başlangyjy dünýäde iň çalt robot-adamy döretdi
31.07.2025 21:00
6.4k+

Hytaýyň Robotera başlangyjy dünýäde iň çalt robot-adamy döretdi

Hytaýyň Robotera başlangyjy Robotera L7 atly täze gumanoid roboty hödürledi. Täze önümi dünýäniň iň çalt gumanoid roboty diýip atlandyrýarlar, ol tizligini sagatda 14,4 kilometre çenli ýetirip bilýär diýip, Interesting Engineering ýazýar
Microsoft bazar bahasy 4 trillion dollardan geçen dünýäde ikinji kompaniýa boldy
31.07.2025 20:44
5.3k+

Microsoft bazar bahasy 4 trillion dollardan geçen dünýäde ikinji kompaniýa boldy

Microsoft kompanivasy, Nvidia-dan soň, bazar bahasy 4 trillion dollardan geçen dünýäde ikinji kompaniýa boldy. Bu üstünlik kompaniýanyň Wall Street analitikleriniň garaşyşyndan ýokary bolan çärýekleýin hasabatyny çap etmeginiň yzýany boldy diýip, Bloomberg belleýär
IFAB eminlere milli çempionatlarda beden kameralaryny dakynmaga rugsat berdi
31.07.2025 20:35
5.7k+

IFAB eminlere milli çempionatlarda beden kameralaryny dakynmaga rugsat berdi

Halkara Futbol Assosiasiýasynyň Geňeşi (IFAB) eminler tarapyndan kameralaryň ulanylmagyny makullady diýip, El Partidazo de COPE habar berýär. Kameralar telewideniýäniň teleýaýlymlaryna wideolary geçirmek üçin ulanylar
Awstraliýanyň ýarym asyryň içinde ilkinji orbital missiýasy şowsuzlyga uçrady
31.07.2025 20:31
4.2k+

Awstraliýanyň ýarym asyryň içinde ilkinji orbital missiýasy şowsuzlyga uçrady

Gilmour Space Technologies kompaniýasy Awstraliýanyň çäginden ýarym asyryň içinde ilkinji orbital uçuşy amala aşyrdy, ýöne missiýa şowsuz tamamlandy. Eris raketasy 29-njy iýulda ýerli wagt bilen 8:35-de Kwinslenddäki Bouen kosmodromyndan uçdy
Aý we Ýer bir günde Günüň öňüni örtdi. NASA-nyň zondy seýrek hadysany ýazga aldy
31.07.2025 20:18
7.5k+

Aý we Ýer bir günde Günüň öňüni örtdi. NASA-nyň zondy seýrek hadysany ýazga aldy

NASA-nyň gije-gündizleýin Günüň işjeňligini yzarlaýan Solar Dynamics Observatory (SDO) kosmos zondy 25-nji iýulda  seýrek hadysany bellige aldy. Günüň öňüni ilki Aý bölekleýin ýapdy we üç sagatdan soň Ýer hem şu ýagdaýy gaýtalady
Raşid Meredow Seýşelleriň daşary işler ministri bilen Awazadaky foruma taýýarlygy maslahatlaşdy
31.07.2025 20:08
3.3k+

Raşid Meredow Seýşelleriň daşary işler ministri bilen Awazadaky foruma taýýarlygy maslahatlaşdy

Şu gün, 31-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we syýahatçylyk ministri Silwester Radegond bilen telefon arkaly söhbetdeş geçirdi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, söhbetdeşler özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegine garadylar
11-nji awgustdan Türkmenbaşy halkara howa menziline gatnawlar ýerine ýetirilip başlanar
31.07.2025 20:00
13k+

11-nji awgustdan Türkmenbaşy halkara howa menziline gatnawlar ýerine ýetirilip başlanar

"Türkmenistan" awiakompaniýasy içerki howa gatnawlarynyň täzelenen tertibini çykardy. Täze tertibe laýyklykda, 2025-nji ýylyň 11-nji awgustyndan başlap Aşgabat – Türkmenbaşy we Türkmenbaşy – Aşgabat ugurlary boýunça uçar gatnawlary täzeden başlanar
Mangrove Photography Awards 2025 bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
31.07.2025 19:54
5k+

Mangrove Photography Awards 2025 bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

Mangrove Photography Awards 2025 halkara surat bäsleşiginiň emin agzalary ýeňijileri resmi taýdan yglan etdiler. Bu bäsleşik “Mangrove Action Project” taslamasynyň çäginde geçirilýär we ol — ýabany tebigat, kenarýaka ilaty hem-de mangr ekoulgamlarynyň arasyndaky baglanyşyga üns çekmegi maksat edinýär
Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebi talyplyga kabul edýär
31.07.2025 18:38
5.3k+

Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebi talyplyga kabul edýär

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebi 2025/2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär: Tikin önümçiliginiň tehnologiýasy
JPMorgan ilkinji eplenýän iPhone-yň çykjak senesini we bahasyny mälim etdi
31.07.2025 14:33
4.5k+

JPMorgan ilkinji eplenýän iPhone-yň çykjak senesini we bahasyny mälim etdi

Apple kompaniýasynyň iPhone Fold atly ilkinji eplenýän smartfony 2026-njy ýylyň sentýabrynda çykar we onuň bahasy 1999 dollar bolar. Bu barada JPMorgan-yň içerki hatyna salgylanyp, MacRumors neşiri habar berýär
Jeýms Kemeron “Awatar” älemi boýunça multserial döretmekçidigini aýtdy
31.07.2025 14:31
2k+

Jeýms Kemeron “Awatar” älemi boýunça multserial döretmekçidigini aýtdy

Režissýor Jeýms Kemeron Empire bilen söhbetdeşlikde “Awatar” älemi boýunça animasion taslama döretmekçidigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, ol eýýäm bu pikiri Disney-iň ýolbaşçylygy bilen maslahatlaşdy. “Men animasion serial-antologiýa döretmek isleýändigimi aýtdym” – diýip, Kemeron gürrüň berdi
Boeing korporasiýasy ýitgileri azaldyp, girdejini 35% ýokarlandyrdy
31.07.2025 14:29
5.9k+

Boeing korporasiýasy ýitgileri azaldyp, girdejini 35% ýokarlandyrdy

Boeing korporasiýasy ikinji çärýek üçin maliýe netijelerini hödürledi. Ýitgi 176 mln dollar boldy we bu 2024-nji ýylyň degişli döwründäki görkezijiden ep-esli azdyr. Şol wagt ýitgi 1,09 mlrd dollar bolupdy. Hasabat döwründe girdeji analitikleriň çaklamalaryndan ýokary bolup, 22,75 mlrd dollara ýetdi
2025-nji ýylda Buker baýragyna dalaşgärleriň uzyn sanawy yglan edildi
31.07.2025 14:27
1.5k+

2025-nji ýylda Buker baýragyna dalaşgärleriň uzyn sanawy yglan edildi

Iňlis dilindäki edebiýat boýunça Buker baýragyna dalaşgärleriň uzyn sanawy yglan edildi. Dalaşgärleriň sanawy abraýly baýragyň resmi web sahypasynda çap edildi. Oňa 13 roman girdi: The Loneliness of Sonia and Sunny (“Soniýanyň
Counter-Strike 2-de animasiýalar, sesler we kartalar üýtgedi
31.07.2025 14:23
3.8k+

Counter-Strike 2-de animasiýalar, sesler we kartalar üýtgedi

29-njy iýulda Valve kompaniýasy Counter-Strike 2 üçin uly täzelenmeleriň birini çykardy. Esasy täzelik –AnimGraph2 atly täze animasiýalar ulgamy boldy. Onuň netijesinde birinji ýüzden bolup geçýän hereketler: ýarag çalyşmak, atyşyk we ýaragy doldurmak täzelendi
“Barselona” Kobi Braýantyň hormatyna “Leýkersiň” reňkinde eşik toplumyny hödürledi
31.07.2025 14:14
6.4k+

“Barselona” Kobi Braýantyň hormatyna “Leýkersiň” reňkinde eşik toplumyny hödürledi

“Barselona” 2025/26 möwsümi üçin myhmançylykda geýjek täze eşik toplumyny hödürledi. Köýnekçe gara we benewşe öwüşgin bilen sary reňkde ýerine ýetirildi – ol Kobi Braýantyň çykyş eden “Los-Anjeles Leýkers” basketbol toparynyň reňklerine salgylanýar
Internetde iPhone 17 Pro-nyň ilkinji hakyky suraty we onuň kamerasy barada maglumatlar peýda boldy
31.07.2025 14:10
10k+

Internetde iPhone 17 Pro-nyň ilkinji hakyky suraty we onuň kamerasy barada maglumatlar peýda boldy

Sosial ulgamlarda iPhone 17 Pro-nyň ilkinji hakyky suratlarynyň biri peýda boldy. Skyfops lakamly ulanyjy San-Fransiskonyň köçesinde täze smartfony synagdan geçirijini surata aldy. Suratyň hakykylygyny Bloomberg-iň žurnalisti Mark Gurman hem tassyklady
Buhara, Kutaisi we Koimbra: The New York Times syýahat üçin iň gowy ýerleri saýlady
31.07.2025 14:08
5.6k+

Buhara, Kutaisi we Koimbra: The New York Times syýahat üçin iň gowy ýerleri saýlady

The New York Times 2025-nji ýylda baryp görmeli ýerleriň ýyllyk sanawyny hödürledi. Oňa hem işjeň medeni durmuşy bolan şäherler, hem o diýen belli däl ugurlar girdi. Merkezi Aziýa we Kawkaz şäherleriniň arasynda neşir Buharany (Özbegistan) maslahat berýär
Hindistan adamdan öňürti kosmosa adam şekilli roboty iberer
31.07.2025 13:44
4.6k+

Hindistan adamdan öňürti kosmosa adam şekilli roboty iberer

Hindistanyň kosmos gözlegleri guramasy (ISRO) 2025-nji ýylyň dekabrynda orbita gumanoid robot bilen kosmos gämisini ibermegi meýilleşdirýär. Bu barada guramanyň başlygy Wanniýaperumal Naraýananyň sözlerine salgylanyp, Odisha Bytes habar berýär
Samsung Tesla bilen çip öndürmek barada 16,5 mlrd dollarlyk şertnama baglaşdy
31.07.2025 13:41
2.3k+

Samsung Tesla bilen çip öndürmek barada 16,5 mlrd dollarlyk şertnama baglaşdy

Samsung Electronics Tesla kompaniýasyndan 2033-nji ýylyň ahyryna çenli 16,5 mlrd dollarlyk çip üpjünçiligi barada uly şertnama aldy. Bu barada Tesla-nyň ýolbaşçysy Ilon Mask habar berdi. Maskyň aýtmagyna görä, Samsung-yň Tehasdaky täze zawody indiki nesil Tesla AI6 çiplerini öndürer
OpenAI-iň ýolbaşçysy ChatGPT bilen söhbetiň kazyýetde ulanylyp bilinjekdigini duýdurdy
31.07.2025 13:37
3.1k+

OpenAI-iň ýolbaşçysy ChatGPT bilen söhbetiň kazyýetde ulanylyp bilinjekdigini duýdurdy

OpenAI-iň baş direktory Sem Altman ChatGPT bilen ýazyşylan gürrüňdeşlikleriň kazyýetiň talaby boýunça görkezilip bilinjekdigini aýtdy. Bu barada ol Teo Wonuň podkastynda habar berdi. Altman barha köp ulanyjynyň ChatGPT bilen şahsy aladalaryny we syrlaryny paýlaşyp, ondan maslahat soraýandygyny aýtdy
“Şrekdäki” Eşek barada aýratyn film düşüriler. Eddi Mýorfi öz keşbine gaýdyp geler
31.07.2025 13:35
3.7k+

“Şrekdäki” Eşek barada aýratyn film düşüriler. Eddi Mýorfi öz keşbine gaýdyp geler

“Şrek” animasion franşizasy giňelmegini dowam etdirer – bu gezek Eşek aýratyn filme eýe bolar. Bu barada Eddi Mýorfi Screen Rant neşiri bilen söhbetdeşlikde habar berdi. Onuň aýtmagyna görä, häzir aktýorlar düzümi “Şrek 5-e” ses bermegini tamamlaýar, güýzde bolsa topar Eşek barada spin-offuň üstünde işlemäge başlar
“Bawariýa” 75 mln ýewro “Liwerpuldan” Luis Diasy aldy
31.07.2025 13:13
5.1k+

“Bawariýa” 75 mln ýewro “Liwerpuldan” Luis Diasy aldy

Luis Dias resmi taýdan Mýunheniň “Bawariýasynyň” oýunçysy boldy. Klub kolumbiýaly wingeriň “Liwerpuldan” geçendigini we onuň bilen 2029-njy ýylyň 30-njy iýunyna çenli dörtýyllyk şertnamanyň baglaşylandygyny habar berdi
Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebinde resmi iş kagyzlaryny kabul etmeklik dowam edýär
31.07.2025 11:15
7.4k+

Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebinde resmi iş kagyzlaryny kabul etmeklik dowam edýär

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebi 2025/2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul etmek işiniň dowam edýändigini habar berýär: Elektrik beketler, torlar we ulgamlar
Fransiýaly suwda ýüzüji Leon Marşan 1 minut 52,69 sekuntda 30 müň dollar gazandy
31.07.2025 08:54
6.4k+

Fransiýaly suwda ýüzüji Leon Marşan 1 minut 52,69 sekuntda 30 müň dollar gazandy

Fransiýaly suwda ýüzüji Leon Marşan 200 metr aralyga toplumlaýyn ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy. Rekord Singapurda geçirilýän sportuň suwda ýüzmek görnüşi boýunça dünýä çempionatynda ýarym finalda ýüzülende goýuldy
Arkadag şäherinde täze şaýoly we döwrebap köpri açyldy
31.07.2025 08:45
15k+

Arkadag şäherinde täze şaýoly we döwrebap köpri açyldy

30-njy iýulda Arkadag şäherinde täze şaýoluň we döwrebap köpriniň açylyş dabarasy boldy. Durky düýpli täzelenen Gökdepe we Keýmir kör şaýollarynyň çatrygynda ýerleşýän köpriniň açylyş dabarasy belent ruha beslenen aýdym-sazlar bilen başlandy
Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy
31.07.2025 08:40
10k+

Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy

30-njy iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi bilen bagly ýerine ýetirilen işler bilen tanyşdy
Döwrebaplaşdyrylan Türkmenbaşy Halkara howa menzili işe girizildi
31.07.2025 08:30
13k+

Döwrebaplaşdyrylan Türkmenbaşy Halkara howa menzili işe girizildi

30-njy iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň uçary Türkmenbaşy Halkara howa menziline gelip gondy. Howa menzilinde ýurdumyzyň resmi adamlary döwrebaplaşdyrylan howa menziliniň döwlet Baştutanymyzyň ak patasy bilen işe girizilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar
Täze Toyota Camry 2026 15 görnüşde hödürlenýär
30.07.2025 19:11
24k+

Täze Toyota Camry 2026 15 görnüşde hödürlenýär

GAC-Toyota bilelikdäki kärhanasy Hytaý bazary üçin resmi taýdan 2026-njy model ýylynyň täze Camry-sini hödürledi. Ulag üç dürli güýç gurluşy bilen elýeterlidir: 2,0 litrlik atmosfera benzinli hereketlendiriji we 2,0 hem-de 2,5 litrlik hereketlendirijä esaslanýan iki sany özi zarýad alýan gibrid ulgam
Türkmenistanda giriş synaglary başlandy
30.07.2025 19:00
11k+

Türkmenistanda giriş synaglary başlandy

Şu gün, 30-njy iýulda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglary badalga aldy. Okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglary ýokary, orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerinde geçirilýär
Ferrari Purosangue-leriň hemmesini diýen ýaly tormoz kemçiligi sebäpli yzyna çagyrar
30.07.2025 18:25
3.8k+

Ferrari Purosangue-leriň hemmesini diýen ýaly tormoz kemçiligi sebäpli yzyna çagyrar

Ferrari kompaniýasy 2025-nji ýylyň fewralyndan şu wagta çenli öndürilen Purosangue krossowerleriniň hemmesini diýen ýaly yzyna çagyrýandygyny mälim etdi. ABŞ-nyň Milli ýol hereketiniň howpsuzlygy dolandyryş gullugynyň (NHTSA) habaryna görä , diňe ABŞ-nyň bazaryndan 541 ulag hyzmat merkezlerine iberiler
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.