Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebi talyplyga kabul edýär

31.07.2025, 13:385,295

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebi 2025/2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

  • Tikin önümçiliginiň tehnologiýasy;
  • Dokma önümçiligi;
  • Buhgalterçilik hasaba alnyşy;
  • Marketing;
  • Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş;
  • Maglumatlary işläp taýýarlamagyň we dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamlary;
  • Dokma materiallarynyň himiki tehnologiýasy we abzallary;
  • Standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak;
  • Dokma we ýeňil senagatyň abzallaryna tehniki taýdan hyzmat etmek we bejermek;
  • Dizaýn (dokma senagaty pudagynda).

Okuwyň möhleti 2 ýyl bolup, okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.
Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2025-nji ýylyň 18-nji awgusta çenli kabul edilýär.
Salgysy: Aşgabat şäheri, 2052 (Hydyr Derýaýew) köçesi, 4
Telefonlar: 36-49-20, 36-04-16, 36-18-74, 36-21-67.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.