Maks Werstappen ilkinji gezek «Formula-1-iň» çempiony boldy

12.12.2021, 17:203,845

«Red Bull» toparynyň niderlandly sürüjisi Maks Werstappen 2021-nji ýylyň möwsüminde «Formula-1» ulag klasyndaky awtoýaryşlar boýunça dünýä çempionatynda ýeňiji boldy. 

Abu-Dabiniň Gran-prisinde niderlandly sürüji birinji orny eýeledi. Ikinji orny “Mersedesiň” sürüjisi britaniýaly Lýuis Hemilton, üçünji orny “Ferrariden” ispaniýaly Karlos Saýns eýeledi. 

Jemleýji, 22-nji tapgyr başlamazdan ozal, Werstappen bilen Hemiltonyň hersinde 369,5 utuk bardy. Jemleýji ýaryşdan soň niderlandlynyň hasabynda 395,5 utuk boldy, britaniýaly 8 utuk yza galdy. Umumy hasapda üçünji orny “Mersedesiň” 226 utuk gazanan finlýandiýaly sürüjisi Waltteri Bottas eýeledi. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.