Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

19.06.2026, 14:421,643
1 / 2

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy.

Britaniýaly türgen üçin Barselonadaky bu ýeňiş, 2025-nji ýyldaky möwsümiň öňüsyrasynda «Mercedes-den» geçenden soň, çempionatyň esasy ýaryşynda italýan toparynyň düzüminde gazanan ilkinji ýeňşi boldy. Mundan ozal Hemilton «Ferrari» üçin diňe 2025-nji ýylyň Hytaý Gran-prisiniň sprinter ýaryşynda ýeňiş gazanypdy.

Barselonadaky trassada gazanan üstünliginden soň, dünýäniň ýedi gezek çempiony şahsy hasapda ikinji ornuny berkitdi we indi möwsümiň lideri Andrea Kimi Antonelliden 41 utuk yza galýar – «Mercedes-iň» sürüjisi ýaryşy tamamlap bilmedi.

Barselona-Katalunýa Gran-prisinde ikinji bolup Jorj Rassel («Mercedes»), üçünji bolup bolsa Lando Norris («McLaren») pellehana geldi.

Şahsy hasap:

  1. Andrea Kimi Antonelli («Mercedes») — 156 utuk.
  2. Lýuis Hemilton («Ferrari») — 115.
  3. Jorj Rassel («Mercedes») — 106.
  4. Şarl Lekler («Ferrari») — 75.
  5. Lando Norris («McLaren») — 73.
  6. Oskar Piastri («McLaren») — 68.
  7. Maks Werstappen («Red Bull») — 55.
  8. Pýer Gasli («Alpine») — 41.
  9. Isak Hažar («Red Bull») — 34.
  10. Liam Louson («Racing Bulls») — 26.

Konstruktorlar kubogy:

  1. «Mercedes» — 262 utuk.
  2. «Ferrari» — 190.
  3. «McLaren» — 141.
  4. «Red Bull» — 89.
  5. «Alpine» — 60.
  6. «Racing Bulls» — 38.
  7. «Haas» — 21.
  8. «Williams» — 11.
  9. «Audi» — 2.
  10. «Aston Martin» — 1.
  11. «Cadillac» — 0.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.