Medwedew ýekelikdäki ATP Cup ýaryşlarynda gazanan ýeňişleriniň sany boýunça Jokowiçden öňe geçdi

05.01.2022, 08:163,382

Russiýaly tennisçi Daniil Medwedew ATP Cup ýaryşynda awstraliýaly Aleks de Minory ýeňdi. Oýun 6:4, 6:2 hasabynda tamamlandy. Bu barada championat.com habar berýär.

Bu Medwedewiň karýerasynda ýekelikdäki ATP Cup ýaryşlarynda gazanylan dokuzynjy ýeňişdir. Şol bir wagtyň özünde russiýaly türgen iki gezek ýeňildi.
De Minor bilen geçirilen oýunda üstünlik gazanmak bilen russiýaly tennisçi ATP Cup-yň taryhynda ýekelikde gazanan ýeňişleriniň sany boýunça serbiýaly Nowak Jokowiçden öňe geçdi. 2022-nji ýyldaky oýny sypdyrýan Nowak 8 ýeňişli oýun bilen galdy, Daniiliňki 9 boldy. Ispaniýanyň toparynyň häzirki lideri Roberto Bautista-Agutyň hasabynda hem şonça ýeňiş bar.
Ýekelikdäki ýeňişleriniň sany boýunça ATP Cup-yň liderleri:

1-2. Bautista-Agut (Ispaniýa) – 9 ýeňiş – 2 ýeňliş (2020-2022-möwsümleri)
1-2. Medwedew (Russiýa) – 9-2 (2020-2022)
3. Jokowiç (Serbiýa) – 8-0 (2020-2021)
4. Hurkaç (Polşa) – 5-0 (2020, 2022)
5. Ştruff (Germaniýa) – 5-3 (2020-2022).

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.