Döwletjan Ýagşymyradow Karwalýony ýeňip, Bellatorda ilkinji ýeňşini gazandy

16.04.2022, 04:2541,793
1 / 2

Garyşyk göreşiň türkmen wekili Döwletjan Ýagşymyradow 16-njy aprele geçilýän gije geçirilen Bellator 277 ýaryşynda braziliýaly Rafael Karwalýodan üstün çykdy we Bellatorda ilkinji ýeňşini gazandy. Söweş ABŞ-da San-Hose şäherindäki «SAP Center» arenasynda geçirildi.

Döwletjan Ýagşymyradow professional karýerasynyň dowamynda eýýäm 25 söweş geçirip, 19 ýeňiş (15-si wagtyndan öň) gazandy. Bu söweş Döwletjan üçin Bellator-da üçünji söweş boldy. Ondan öň Döwletjan Bellatorda Kori Anderson we Karl Albrektsson bilen duşuşdy. 
Türkmen pälwanynyň garşydaşy Karwalýonyň hasabynda garyşyk söweşlerde 23 sany duşuşyk geçirip, 16 ýeňiş we 7 ýeňliş bar.

TmCars.info-nyň adyndan ildeşimizi gazanan üstünligi bilen gutlaýarys!

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.