Sambo we söweş sambosy boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy Aziýa we Okeaniýa çempionatynda jemi 16 medal gazandy. Çempionat Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirildi.
Ýaryşda 19 ýurda wekilçilik edýän 343 türgen özara bäsleşdi.
Türkmen türgenlerine 4 altyn, 7 kümüş we 5 bürünç medal gazanmak başartdy.

Hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna harby gullukçylar Jasur Döwrankulyýew we Alihan Aýdogdyýew, Söweş sungaty milli federasiýasynyň wekili Hüseýin Begenjow, şeýle hem uly ýaşlylaryň arasyndaky kategoriýada ýeňiji bolan paýtagtdaky mekdepleriň biriniň bedenterbiýe mugallymy Sapar Döwletow çykdy.

Yklym birinjiliginiň kümüş baýragynyň eýeleri Serdar Şeripow, Annamuhammet Annamuhammedow, Myratgeldi Myradow, Hakberdi Jumaýew we Babamyrat Baýramow boldy. Olar bilen bilelikde ýygyndynyň baýrak hasabyna kümüş medallary bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary Isa Geldiýew bilen Allanazar Orazmuhammedow goşdy.

Bürünç medallara bolsa harby gullukçylar Ilşat Döwranow, Aýmuhammet Gatyýew we Muhammetmyrat Babekow, şeýle hem sport institutynyň talyplary Merdan Myratgeldiýew we Permangeldi Durdyýew mynasyp boldy.