Serdar Berdimuhamedow gyrgyz kärdeşine çuňňur gynanç bildirdi

23.08.2022, 03:4577,305

Prezident Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa Russiýa Federasiýasynyň Ulýanowsk oblastynda bolup geçen ýol-ulag heläkçiliginiň netijesinde Gyrgyz Respublikasynyň köp sanly raýatynyň aradan çykandygy zerarly gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutany şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.  

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.