Samsung we SK Group Günorta Koreýanyň ykdysadyýetine $3 trln maýa goýar

Şu gün, 18:48482

Samsung Group kompaniýasy Koreýa Respublikasynda ýarymgeçirijileriň önümçiligini, robototehnikany we ýokary tehnologiýaly pudaklary ösdürmäge, takmynan, 2 655 trillion wona (takmynan, 1,7 trillion dollar) maýa goýmagy meýilleşdirýändigini yglan etdi.

Kompaniýa bu mukdardan 2 030 trillion wonany ýarymgeçirijiler klasterini, şol sanda Phýonthek we Ýonin şäherlerindäki senagat toplumlaryny ösdürmäge gönükdirmegi maksat edinýär. Galan 625 trillion wonany bolsa Honam, Çhunçhon we Ýonam sebitlerinde ýarymgeçirijiler üçin komponentleri hem-de materiallary öndürmäge, robototehnikalara we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryna goýmak meýilleşdirilýär.

Bu meýilnamalar hökümetiň «üç mega-taslama» maksatnamasynyň tanyşdyrylyş çäresiniň çäginde mälim edildi.

Çärä SK Group kompaniýasynyň başlygy Çhwe The Won hem gatnaşyp, 2 100 trillion wona (1,3 trillion dollar) möçberindäki maýa goýum barada habar berdi. Bu serişdäniň 1 100 trillion wonasyny (713 milliard dollar) ýarymgeçirijiler ulgamyndaky taslamalara, 1 000 trillion wonany (650 milliard dollar) bolsa maglumatlary işlemek merkezlerini döretmäge niýetlenendir.

Samsung kompaniýasynyň mälim etmegine görä, bu maýa goýumlar Koreýa Respublikasynyň dünýäniň öňdebaryjy tehnologik liderleriniň biri hökmündäki ornuny berkitmäge ýardam etmeli.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.