2026-njy ýylyň 15-nji sentýabrynda geçirilen Türkmen-koreý işewürlik maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Koreýa Respublikasynyň wekilleri bilen birnäçe möhüm duşuşyklary geçirildi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.
Gepleşikleriň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy hem-de işewürlik gatnaşyklaryny täze derejä çykarmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.
Ilki bilen Koreýa Respublikasynyň Ählumumy innowasion barlaglar institutynyň direktory, ozal 2022–2024-nji ýyllarda Koreýanyň Milli Assambleýasynyň Başlygy wezipesinde işlän Kim Jin Pýo bilen duşuşyk geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda innowasiýalar, döwrebap tehnologiýalar we iki ýurduň işewür hem-de bilermenler toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.
Şeýle-de, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Bilelikdäki ösüş komitetiniň başlygy Li Dal Gon bilen gepleşikleri geçirdi.
Ozal Koreýa Respublikasynyň Döwlet dolandyryşy we howpsuzlygy ministri, Prezidentiň ýanyndaky syýasy meseleler boýunça Döwlet sekretary hem-de Milli Assambleýanyň deputaty bolup işlän Li Dal Gon bilen duşuşykda durmuş-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi, işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmek we iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda täze hyzmatdaşlyk ugurlaryny ýola goýmagyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.