Serdar Berdimuhamedow ilkinji «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» sammitine gatnaşdy

Şu gün, 08:571,325
1 / 2

16-njy sentýabrda Koreýa Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ilkinji «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» sammitine gatnaşdy. Ýokary derejeli duşuşygyň jemleri boýunça Seul Jarnamasy kabul edildi diýip, TDH habar berýär.

Sammite Günorta Koreýanyň Prezidenti Li Çže Mýon, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdy.

Öz çykyşynyň başynda Serdar Berdimuhamedow bildirilen myhmansöýerlik, ilkinji sammitiň ýokary guramaçylyk derejesi we bilelikde işlemäge döredilen şertler üçin Li Çže Mýona minnetdarlygyny beýan etdi. Türkmenistanyň Baştutany ýokary derejeli duşuşygyň Koreýa Respublikasy bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze tapgyrynyň binýadyny goýýandygyny nygtady.

Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda ulag we logistika, energetika, senagat, oba hojalygy, ekologiýa, suw meseleleri, saglygy goraýyş, hyzmatlar ulgamy we syýahatçylyk ýaly ugurlar bellenildi. Şeýle hem Türkmenistan «Akylly şäherleriň diplomatiýasy» başlangyjynyň çäklerinde şäher gurluşygy we infrastruktura babatynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi teklip etdi.

Bilim, ylym, medeniýet we sport ulgamlaryna aýratyn üns berildi. Türkmenistan iki diplomlyk maksatnamalary ösdürmegi, ýaşlaryň sanly bilimlerini artdyrmagy, bilelikdäki olimpiadalary, bäsleşikleri we maslahatlary geçirmegi, şeýle hem Ýaşlaryň innowasion pikirlerini ösdürmegi we ornaşdyrmagy goldamak institutyny döretmegi teklip etdi.

Medeniýet ulgamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň ýaşlarynyň medeniýetara alyşmalarynyň «Ýol kartasyny» hem-de «Ýaş zehinler» maksatnamasyny kabul etmek teklip edildi. Şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň Halkara ýaşlar sport oýunlaryny guramak baradaky meselä seretmek teklip edildi.

Döwlet Baştutanlary koreý tehnologiýalaryny çekmek bilen çig mal serişdelerini gaýtadan işlemek, magdan ýataklaryny bilelikde özleşdirmek, senagat kärhanalaryny we ulag geçelgelerini döretmek, döwlet hyzmatlaryny sanlylaşdyrmak, emeli aň, «ýaşyl» tehnologiýalar hem-de howanyň üýtgemegine garşy uýgunlaşmak bilen bagly meseleleri maslahatlaşdy.

Sammitden soň döwlet Baştutany beýleki liderler bilen birlikde «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» görnüşindäki işewürler sammitiniň ýörite mejlisine gatnaşdy.

«Öz zähmeti, zehini bilen ýokary netijeleri gazanan jogapkärli hem-de üstünlikli telekeçileriň diňe bir ösüşe goşant goşman, eýsem, Merkezi Aziýa bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky döwletara hyzmatdaşlygyň täze taslamalaryny we görnüşlerini öňe sürmäge, möhüm kararlary kabul etmekde hökümetlere amaly, usuly taýdan goldaw berjekdiklerine hem ynanýaryn. Munuň özi ýurtlarymyzyň ykdysady ösüşiň täze sepgitlerine tarap bilelikde hereket etmegi üçin berk binýady kemala getirmäge mümkinçilik berer.» – diýip, Serdar Berdimuhamedow öz çykyşynda belledi.

Mejlisiň dowamynda geologiýa we mineral serişdeleri gaýtadan işlemek, energetika, öňdebaryjy koreý tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, multimodal ulag geçelgeleri we sebitiň üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak meseleleri maslahatlaşyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçiriljekdigine hem-de ynanyşmagy berkitmäge, işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmäge we döwletleriň arasyndaky özara söwdanyň ösmegine hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşyklaryň jemleri boýunça birnäçe bilelikdäki resminamalar we başlangyçlar kabul edildi.

Gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň hormatyna Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň adyndan resmi agşamlyk nahary berildi.

Döwlet saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soň, Prezident Serdar Berdimuhamedow Seulyň ýokary derejeli myhmanlary kabul ediş howa menziline bardy we ol ýerden Türkmenistana ugrady.