«Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitiniň we onuň çäklerinde geçirilen işewürler sammitiniň jemleri boýunça birnäçe bilelikdäki resminamalar we başlangyçlar kabul edildi. Bu barada TDH habar berýär.
Ýokary derejeli duşuşygyň çäklerinde aşakdaky resminamalara gol çekildi:
- «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» ilkinji Sammitiniň Seul Jarnamasy;
- «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatynyň senagat ministrleriniň konsultatiw guralynyň ilkinji duşuşygynyň Bilelikdäki Beýannamasy;
- Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy: geljegiň emeli aňy, ylym we tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlyk boýunça başlangyjy;
- Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň howanyň üýtgemegi, energiýa geçirijiligi we howanyň hili babatda başlangyjy;
- Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň arasynda senagat we üpjünçilik zynjyry babatda hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
- «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» ilkinji işewürlik sammitiniň Bilelikdäki Beýannamasy.
Işewürlik sammitiniň çäklerinde seýrek duş gelýän mineral serişdeler, energetika we üpjünçilik zynjyry ulgamyndaky hyzmatdaşlyk, şeýle hem söwda, maýa goýumlar, senagat, ulag we logistika meseleleri boýunça mowzuklaýyn mejlisler geçirildi.
Türkmenistanyň wekiliýeti hem «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatynyň senagat ministrleriniň konsultatiw guralynyň birinji duşuşygyna, emeli aň, ylym we tehnologiýa babatynda geljekki hyzmatdaşlyk boýunça ministrler duşuşygyna hem-de tokaý hojalygy we howanyň üýtgemegine garşy göreş babatda hereketler boýunça ministrler forumyna gatnaşdy.
Bu duşuşyklaryň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça pikir alşyldy we hyzmatdaşlygyň geljekgi ugurlary kesgitlendi.