«Angry Birds 3» animasiýa filminiň ilkinji treýleri çykdy

Şu gün, 19:12199
1 / 2

«Paramount Pictures» kinokompaniýasy «Angry Birds 3» multfilminiň ilkinji treýlerini görkezdi. Multfilmiň dünýä görkezilişiniň 23-nji dekabrda bolmagyna garaşylýar.

Filmleriň tapgyrynyň üçünji bölegi ýene-de finleriň «Rovio» studiýasy tarapyndan döredilen «Angry Birds» mobil oýnuna esaslanýar. Onuň sýužetine görä, baş gahryman Red täze synag bilen ýüzbe-ýüz bolýar — ol kaka bolmaly bolar.

Multfilmiň režissýory hökmünde ikinji bölegiň bilelikdäki režissýory we birinji filmiň esasy raskadrowkaçysy bolan Jon Raýs çykyş etdi. Taslama baradaky beýleki jikme-jiklikler entek mälim edilmeýär.

Rede ýene-de Jeýson Sudeýkis we Çaka Joş Ged ses berdiler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.