Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasyna täze agzalar kabul edildi

30.10.2022, 09:046,428

Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň 29-njy oktýabrda geçirilen mejlisiň dowamynda assosiasiýasynyň prezidentiniň Çözgüdine laýyklykda onuň täze agzalaryna agzalyk şahadatnamalary gowşuryldy.

Hususan-da, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ygtyýarly wekili Ruslan Kabirow, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyyň Bedfordşir graflygyndan itşynas Antonio Lo Raso hem-de Çehiýa Respublikasyndan hususy itşynas Wiktor Barsa Halkara assosiasiýanyň agzalygyna kabul edildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.