Guterriş: Dünýäde azyk harytlarynyň bahasy 8 aý bäri arzanlap gelýär

20.12.2022, 06:5821,230

Azyk harytlarynyň ählumumy bahasynyň görkezijisi soňky sekiz aýyň dowamynda 15% arzanlady. Bu barada duşenbe güni BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş  metbugat maslahatynda mälim etdi. 

"Bütindünýä azyk we oba hojalyk guramasynyň bahalarynyň görkezijisi sekiz aý bäri yzygiderli peselip gelýär we jemi alanyňda 15% peseldi, bu bolsa dünýä boýunça millionlarça adamlary garyplygyň girdabyna düşmekden gorap saklady. Ýöne barybir bahalar entek aşa ýokary, dökünlere elýeterlilik bolsa çäkli" - diýip Guterriş belledi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.