Raşid Meredow wezipesini tamamlaýan BMG-niň hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşdy

Düýn, 15:371,941

30-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar berýär.

Bu duşuşyk hemişelik utgaşdyryjynyň ýurtdaky diplomatik wezipesini tamamlamagy bilen baglylykda guraldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistan bilen BMG-niň ulgamynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de durnukly ösüşiň umumy maksatlaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde geljekki konstruktiw gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Daşary işler ministri Dmitriý Şlapaçenkonyň Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmekde, şeýle-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda durmuşa geçirilýän bilelikdäki maksatnamalaryň we taslamalaryň ilerledilmegine goşan goşandyny aratyn belledi hem-de onuň geljekki işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşykda Türkmenistanyň BMG bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berýändigi, halkara guramanyň bolsa parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş meselelerinde esasy hyzmatdaş hökmünde garalýandygy ýene-de bir gezek nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda Dmitriý Şlapaçenko Türkmenistanyň ýolbaşçylygyna özüniň diplomatik wezipesini ýerine ýetiren döwründe görkezilen goldaw we ýardam üçin minnetdarlygyny bildirdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.