BMG: 2023-nji ýylyň ortalaryna Hindistan dünýäniň iň gür ilatly ýurdy bolar

19.04.2023, 12:4923,617

Hindistanyň ilaty 2023-nji ýylyň ortasyna çenli 1, 4286 milliard adama ýetip, 1,4257 milliard ilatly Hytaýdan öňe geçer. Bu barada çarşenbe güni BMG-niň Ilat gaznasynyň hasabatynda aýdylýar.

Hasabatda 2023-nji ýylyň ortalaryna çenli ilat sanynyň ösüşi barada BMG-niň bahalary ýerleşdirilýär.

«Hindistanyň ilaty — 1,4286 mlrd, Hytaýyňky — 1,4257 mlrd» diýlip bellenilýär.
«Hindistanyň ilatynyň sanynyň Hytaýyňkydan geçjek gününi aýtmak mümkin däl, çünki anyk sene nämälim bolup biler» diýip, BMG-niň Ilat gaznasynyň wekili Eddi Raýt TASS agentligine aýtdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.