Awstriýada gadymy türkmen halylary auksiona çykarylar

22.11.2023, 09:038,015

Ezber türkmen halyçylary tarapyndan dokalan gadymy nepis halylar Awstriýada geçiriljek auksion söwdasynda satuwa çykarylar.

«Ajaýyp gadymy gündogar halylary we XIX asyr jemgyýetçilik sungaty» söwdasynyň 2023-nji ýylyň 2-nji dekabrynda ýerli wagt bilen sagat 16:00-da başlamagyna garaşylýar diýip, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi habar berýär.
Umuman alanyňda, söwdada 282 haly, gadymy gündogar önümleri, şol sanda gadymy senetçilik önümleri bolar. Olaryň arasynda Türkmenistandan başga-da, Kawkazdan, Anadolydan we Gündogar Türküstandan bolan ussatlaryň dokan halylary satuwa çykarylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.