Lacoste Olimpiýa oýunlarynyň öňüsyrasynda 1924-nji ýylyň Oýunlaryna bagyşlanan egin-eşik toplumyny çykardy

28.06.2024, 10:387,983
1 / 2

Parižde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynyň öňüsyrasynda Fransiýanyň Lacoste brendi göni ýüz ýyl mundan ozal bolup geçen oýunlara bagyşlanan Olympic Heritage 1924 Paris (Olimpiýa mirasy 1924 Pariž) atly täze egin-eşik toplumyny  hödürledi. Bu barada Buro247 habar berýär.

Kapsula köneki keşpleriň manysyny täzeden açyp, geçen nesilleriň nysaklaryny döwrebap çemeleşme bilen utgaşdyrýar.
Topluma Petit Piqué nusgawy polo-köýnek, iki taraplaýynam geýip bolýan Piqué tolstowkasy, şortylar, ponço, papak we beýlekiler girýär. Ol “sport ussatlygynyň we fransuz nepisliginiň” ruhuny özünde jemlemek bilen, brendiň we Olimpiýa oýunlarynyň gaýduwsyzlyk, adalatly oýnamak we hakykylyk ýaly gymmatlyklaryny görkezýär.
Bu egin-eşik toplumy Lacoste-niň ähli dükanlarynda satuwa çykarylar diýip bellenýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.