Daýanç Omirow Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynda Türkmenistana ilkinji medalyny getirdi

11.09.2024, 06:169,131
1 / 2

Türkmen pälwany, kuraş boýunça dünýäniň häzirki çempiony Daýanç Omirow Türkmenistanyň milli ýygyndysy üçin Çarwadarlaryň V Bütindünýä oýunlarynda ilkinji kümüş medalyny gazanyp berdi. Bu barada Kuraş halkara assosiasiýasynyň saýtynda habar berilýär.

81 kg-a çenli agram derejesinde çykyş edip, Omirow Gazagystandan garşydaşy Ýerzat Argynowdan üstün çykdy. Dinalda Özbegistanyň wekili Arslonbek Tojiýewden ýeňildi.
Gazagystanda "Alau" buzly köşgünde geçirilýän kuraş boýunça ýaryşa 27 döwletden 106 sany türgen gatnaşýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.