11 ýaşly gruziýaly oglanjyk eje hakyndaky aýdymy bilen “Ýewrowideniýäniň” ýeňijisi boldy

18.11.2024, 18:516,273
1 / 2

Madridde “Ýewrowideniýe” aýdym bäsleşiginiň çagalar üçin wersiýasy geçirildi. Gruziýanyň wekili Andriýa Putkaradze ýylky bäsleşigiň ýeňijisi boldy diýip, 1TV teleýaýlymy habar berýär.

11 ýaşly aýdymçy “To My Mom” (“Ejem üçin”) aýdymyny ýerine ýetirdi. Bu aýdymy Giga Kuhianidze we Maka Dawitaya düzdi. Bu Gruziýanyň “Ýewrowideniýede” gazanan rekord  dördünji ýeňşidir. Ondan öň bu ýurduň wekilleri 2008-nji, 2011-nji we 2016-njy ýyllarda ýeňiji bolupdy.
Putkaradze Batumide doguldy we iki ýaşynda aýdym aýdyp başlady. Ol "Deňziň çagalary" wokal ansamblynyň agzasy boldy, aýdym-saz mekdebinde fortepianoda saz çalmagy öwrendi we zehinleriň Ranina teleýaýlym bäsleşiginde ýeňiji boldy.
Bu ýylky “Ýewrowideniýede” Albaniýanyň, Ermenistanyň, Gruziýanyň, Italiýaniň, Kipriň, Maltanyň, Demirgazyk Makedoniýanyň, Polşanyň, Ispaniýanyň, Germaniýanyň, Niderlandlaryň, San-Marinonyň, Ukrainanyň, Portugaliýanyň, Irlandiýanyň, Estoniýanyň we Fransiýanyň wekilleri çykyş etdi. 2023-nji ýylda bäsleşik Nissa şäherinde geçirilipdi we onda “Cœur” aýdymy bilen fransuz ýerine ýetirijisi Zoi Klozýur  ýeňiji bolupdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.