BAE-de geçiriljek ikinji “Geljegiň oýunlarynyň” senesi belli boldy

13.12.2024, 09:572,426

Gibrid dissiplinalar boýunça halkara ýaryşlar bolan ikinji “Geljegiň oýunlary” 2025-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Birleşen Arap Emirliklerinde başlar. Maglumat ýaryşyň resmi saýtynda ýerleşdirildi diýip, RIA Nowosti habar berýär.

“Şu gün BAE-de 2025-nji ýylyň “Geljegiň oýunlarynyň” 21-nji noýabrda başlajakdygy yglan edildi. Dünýäniň iň gowy türgenleriniň we geýmerleriniň epiki futuristik gapma-garşylykda duşuşmagyna taýýar boluň” – diýlip, habarda aýdylýar.

Oýunlaryň çäginde fijital-futbol, fijital-basketbol, fijital-şuter we fijital-tans boýunça ýaryşlar geçiriler. Ýakyn wagtda guramaçylar goşmaça dissiplinalar barada habar bermegi meýilleşdirýär.
“Geljegiň oýunlary” klassyky sporty, kibersporty we döwrebap tehnologiýalary (VR/AR) birleşdirýän özboluşly ýaryşlardyr. Birinji Oýunlar 2023-nji ýylyň 21-nji fewralyndan 3-nji mart aralygynda Kazanda we Soçide geçirildi we ol 107 ýurtdan 2000-den gowrak gatnaşyjyny jemledi.
“Geljegiň oýunlarynyň” umumy baýrak gaznasy 10 mln dollar boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.