Twitter-iň San-Fransiskodaky "gök guşjagazy" auksionda tas 35 müň dollara satyldy

22.03.2025, 13:403,430

Häzirki "X" öňki Twitter kompaniýasynyň San-Fransiskoda ýerleşýän baş edarasynyň binasyndaky köne logotipi – gök guşjagaz auksionda 34 müň 375 dollara satyldy. Bu barada «Associated Press» habar berýär.

«254 kilogram agramy we 3,7×2,7 metr ölçegi bolan nyşan 34375 dollara satyldy. Ony satyn alanyň ady mälim edilmeýär» — diýlip, habarda aýdylýar.

Bu logotip SpaceX we Tesla kompaniýalarynyň esaslandyryjysy Ilon Maskyň Twitteri satyn alyp, onuň adyny X diýip üýtgedeninden soň söküldi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.