ABŞ-nda Nýu-Ýorky tupanlardan we suw joşgunlaryndan gorajak 10 kilometrlik taslama taýýarlanylýar

25.06.2026, 09:475,414
1 / 2

ABŞ-nyň Goşunynyň inženerler bölegi Nýu-Ýork şäherini güýçli şumal tolkunlaryndan we suw joşmalaryndan gorajak ägirt uly ulgamyň taslamasyny hödürledi. Bu taslamanyň esasy bölegi Rokhaweý ýarym adasy bilen Nýu-Jersi kenarýakasynyň arasynda guruljak, uzynlygy 10 kilometre barabar bolan gorag böwedi bolar.

​Bu taslamanyň üstünde işlemäge 2012-nji ýylda şähere weýrançylyk getiren «Sendi» harasatyndan soň başlandy. Şol wagt suw joşguny Nýu-Ýorkuň çäginiň takmynan 17 göterimini suwa gark edipdi, 2,5 million adam elektrik togundan mahrum galypdy we umumy zyýan 19 milliard dollardan geçipdi.

​Hödürlenilýan ulgam emeli adalaryň, gaçylaryň, şemal böwetleriniň, gorag relýefleriniň we açylyp-ýapylýan gurnamalaryň toplumyndan ybaratdyr. Bu ulgamda iň esasy orny gämi duralgasynyň maksadalaýyk möhüm ýerlerinde ýerleşdiriljek bäş sany iri böwet eýelär.

​Adaty şertlerde bu gurnamalar gämi gatnawy we suwuň tebigy aýlanyşygy üçin açyk saklanar. Olary diňe adatdan daşary güýçli şemallar we harasatlar bolan wagtynda ýapmak meýilleşdirilýär.

​Bu ulgam Nýu-Ýorkda, Long-Aýlendde, Nýu-Jersiniň demirgazyk böleginde we Gudzon derýasynyň jülgesinde ýaşaýan 25 milliondan gowrak adamy goramak üçin niýetlenendir. Gurluşygyň başlanmagy deslapky çaklamalara görä 2030-njy ýyla meýilleşdirilýär, taslamany doly durmuşa geçirmek bolsa takmynan on ýyl çemesi wagt alar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.