Volvo yzy görkezýän kamerasyndaky näsazlyk sebäpli 413 müňden gowrak ulagyny yzyna çagyrýar

12.05.2025, 07:066,803

Volvo yzy görkezýän kamerasynda näsazlyk bardygy sebäpli ABŞ-da 413 151 ulagyny yzyna çagyrýar. Yzky geçiriş işledilende kameranyň ýüzüne şekil çykman biler, bu bolsa heläkçilik howpuny ýokarlandyrýar. Bu barada ABŞ-nyň Milli ýol hereketiniň howpsuzlygy gullugy (NHTSA) habar berdi.

Yza çagyryş 2021-2025-nji ýyllar aralygynda öndürilen XC40 krossowerlerine degişlidir. Näsazlygy programma üpjünçiligini täzelemek arkaly – dellallaryň ýanyna baryp ýa-da howa arkaly düzetmek meýilleşdirilýär.
Bir hepde öň Polestar kompaniýasy şuňa meňzeş näsazlyk barada habar berdi. Ol ABŞ-da 27 000-den gowrak Polestar 2 elektrik ulagyny yzyna çagyrdy. Polestar bilelikdäki taslamanyň çäginde Volvo bilen birmeňzeş platformany ulanýar diýip, Reuters belleýär.
Şeýle hem Volvo Günorta Karolinanyň Çarleston şäherindäki zawodynda işçi güýjüniň 5 göterimini azaltjakdygyny mälim etdi. Aprel aýynda bu kompaniýa eýýäm ABŞ-daky işiniň üýtgediljekdigini yglan etdi we nyrh basyşy sebäpli girdejisini çaklamakdan ýüz öwürdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.