Telegram-da indi “statusyňyza” saz goşmaga mümkinçilik döredi

27.08.2025, 09:211,819
1 / 2

Telegram messenjeriniň MacOS üçin niýetlenen beta wersiýasynda profiliňize saz goşmaga mümkinçilik berýän täze funksiýa peýda boldy. Bu barada Telelakel kanalyna salgylanýan Rozetked portaly habar berdi.

Işleýiş nukdaýnazaryndan ol “Wkontakte-däki” aýdym-saz statusyna meňzeýär. Şeýle-de bolsa, Telegram-yň öz kitaphanasy ýok, şonuň üçin hem ulanyjylar audio faýllary özleri ýüklemeli bolarlar. Kompozisiýany goşmak üçin ony islendik çata  ibermeli we ýörite düwmä basmaly.
Profilde saýlanan sazlaryň pleýlisti döreýär we beýleki ulanyjylar ony görüp bilerler. Şeýle hem pleýlistiňize beýleki profillerden sazlary goşmak mümkin.
Bu funksiýanyň haçan ähli ulanyjylar üçin elýeterli boljakdygy entek belli däl.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.