Toyota dünýäde iň meşhur awtoulag öndürijisi. Aýry-aýry ýurtlar boýunça bu görkeziji nähilikä?

13.09.2025, 09:557,059

Toyota 2024-nji ýylda dünýäde iň meşhur awtoulag öndürijisi boldy. Kompaniýa ABŞ we Ýakyn Gündogar ýaly milli bazarlaryň aglabasynda birinji ýeri eýeledi.

World Wide Mobility neşiri ýurt boýunça iň meşhur awtoulag öndürijileriniň kartasyny neşir etdi.
Ondan görnüşi ýaly, köp ýurt milli markalary ileri tutýar. Şeýlelikde, Germaniýada - Volkswagen, Hytaýda - BYD, Günorta Koreýada - Hyundai, Fransiýada - Renault, Rumyniýada - Dacia, Ýaponiýada - Toyota, Eýranda - SAIPA we Russiýada - Lada birinji orunda durýar.
Şwesiýada Volvo premium markasy öňdebaryjy boldy, bu bazary köpçülikleýin öndürijileriň agdyklyk edýän beýleki ýurtlaryndan tapawutlandyrýar.
Barlagyň netijesine görä, milli kompaniýalar öz ýurtlarynda esasy oýunçy bolup galýarka, Toyota dünýä derejesinde güýçli ornuny saklaýar. Şeýle sanawlar  alyjylaryň sebitleýin isleglerine we dünýädäki awtoulag pudagynyň dinamikasyna baha bermäge mümkinçilik berýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.