Hyundai wiruslary we bakteriýalary ýok etmek üçin niýetlenen salonyň ultramelewşe yşyklandyryş ulgamynyň synaglaryny tamamlady. Kompaniýa täze tehnologiýany ýolagçy orunlary köp bolan awtoulaglarda, awtobuslarda we önümleri daşaýan ýük ulaglarynda ulanmagy meýilleşdirýär.
Işlenip düzülen önüme laýyklykda, ulagyň potologyna mikroorganizmleri birnäçe minudyň içinde ýok etmäge ukyply uzak ultramelewşe diapazonly (Far-UVC) çyralar ornaşdyrylar. Şöhlelendirme adamyň derisiniň diňe ýokarky gatlagyna täsir edýär.

Munuň ýaly çyralar eýýäm lukmançylyk edaralarynda ulanylýar, ýöne Hyundai olary titremäniň we temperatura üýtgemeleriniň şertlerinde ulanmak üçin uýgunlaşdyrdy.
Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, synaglar ulgamyň howa arkaly ýaýraýan wiruslaryň 96,8%-ini 30 minudyň içinde ýok edýändigini görkezdi. Pnewmoniýany döredýän bakteriýalara garşy netijeliligi 30 sekundyň içinde 99,9%, içege taýajygyna garşy bolsa 40 minudyň içinde 99,9% boldy.

Zyýansyzlandyrmakdan başga-da, tehnologiýa salondaky howanyň arassalygyny saklamaga ýardam berýär. Şol bir wagtyň özünde, Hyundai ulgamyň haçan seriýaly awtoulaglarda peýda boljakdygy barada entek habar bermeýär.
Kompaniýa şeýle hem uniwersal görnüşli awtoulaglary çykarmakdan ýüz öwürmegi meýilleşdirýär. Olaryň ornuny model hatarynda krossowerler alar.