ABŞ-nyň hokkeýçileri 1980-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Olimpiýa oýunlaryny utdylar

22.02.2026, 21:064,572

ABŞ-nyň erkek hokkeý ýygyndysy Italiýada geçirilen 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlarynyň ýeňijisi boldy. Final duşuşykda topar 2:1 hasaby bilen Kanadanyň milli ýygyndysyndan üstün çykdy. 

Oýnuň ykbaly «üçe üç» görnüşindäki owertaýmda (goşmaça wagtda) kesgitlenildi. 
Bu amerikan hokkeýçileri üçin soňky 46 ýylyň dowamynda ilkinji olimpiýa altynydyr. Soňky gezek ABŞ-nyň ýygyndysy 1980-nji ýylda Leýk-Plesidde ýeňiş gazanypdy.
2026-njy ýylyň Olimpiýa oýunlarynda bürünç medallary Finlýandiýanyň ýygyndysy eýeledi. Üçünji orun üçin geçirilen duşuşykda bu ýurduň hokkeýçileri Slowakiýany 6:1 hasaby bilen utdy.
Şu ýyl Olimpiadada hokkeý ýaryşyna 2014-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Milli hokkeý ligasynyň (NHL) oýunçylary gatnaşdy. Liga Olimpiýa ýaryşynyň dowamynda möwsümiň oýunlaryny wagtlaýyn togtatmaga razylyk berdi. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.