UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

22.06.2026, 09:404,732

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi.

Waýtyň aýtmagyna görä, taraplar şeýle çäräni geljek ýyl guramak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşýarlar. Ol UFC-niň öň hem şeýle ýaryşlary geçirendigini, ýöne olaryň taýýarlygynyň gaty köp guramaçylyk meselelerini çözmegi talap edýändigini belledi.

– Biz prezident bilen bilelikde geljek ýyl harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmegi maslahatlaşýarys – diýip, Waýt metbugat maslahatynda gürrüň berdi.

Ol Trampyň bu çäräni eýýäm şu ýyl geçirmegi teklip edendigini, ýöne UFC-niň ýolbaşçylarynyň taslamany biraz gijräk möhlete geçirmegi haýyş edendigini-de aýdyp geçdi. Waýt muny Ak tamda geçirilen ýaryşdan soň kompaniýanyň maliýe serişdelerini dikeltmelidigi bilen düşündirdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.