BTS-iň "Arirang" albomy Spotify-da 24 sagadyň dowamynda 110 million gezek diňlenildi

24.03.2026, 13:292,690

Günorta Koreýanyň BTS toparynyň "Arirang" albomy Spotify-da ilkinji 24 sagadyň dowamynda takmynan 110 million gezek diňlenildi. Bu barada Variety neşiri habar berýär.

Bu çykyş 2026-njy ýylyň iň üstünlikli ilkinji striming albomy boldy we Garri Staýlsyň 63 million gezek diňlenilen "Kiss All the Time. Disco, Occasionally" atly albomyndan ozdy.

Deňeşdirip aýtsak, J.Cole-yň "The Fall-Off" şu ýyl çykarylan albomy ilkinji gününde 35 million, A$AP Rocky-nyň "Don't Be Dumb" albomy hem şonça gezek, Bruno Mars-yň "The Romantic" plastinkasy 26,4 million we Blackpink-iň "Deadline" albomy 16 million gezek diňlenipdir.

Şeýle hem, "Arirang" Spotify-yň taryhyndaky islendik keý-pop albomlarynyň arasynda ilkinji günüň iň köp diňlenme sanyny gazandy we platformadaky ähli albomlaryň arasynda 12-nji orny eýeledi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.