Hytaýda iPhone 17 Pro Max-yň «ekiztaýy» peýda boldy

21.04.2026, 15:318,022
1 / 5

Hytaýda täze tanyşdyrylan «Tecno Spark 50 4G» smartfony žurnalistleriň bada-bat ünsüni çekdi. Olaryň pikiriçe, bu enjamyň dizaýny geljekki «iPhone 17 Pro Max» modeliniň görnüşini gaýtalaýar.

​Täze smartfonyň yzky paneli, ýagny kameralarynyň ýerleşişi özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Enjamda üç sany sensor we olardan biraz uzakda ýerleşýän ýagtylandyryjy ýerleşdirilip, olar keseligine çekilen dizaýn blogyny emele getirýärler.

​Smartfonyň ekranyndaky diwar suratlarynyň «iPhone Air» stilinden ylham alnandygy göz-görtele bildirip dur.

Şol bir wagtda hünärmenler, eger Apple-de bu suratlaryň belli bir manysy (Air diýen abstrakt ýazgy) bar bolsa, Tecno-da olaryň ýöne bir çyzgylardan ybaratdygyny belleýärler.

Tehniki görkezijileri boýunça bu smartfon başlangyç (baza) segmentine degişlidir. Enjam 6,78 dýuýmlyk IPS-matrisaly ekran, Helio G81 prosessory, 50 megapiksel esasy kamera, şeýle-de IP64 standart boýunça suwdan we tozandan gorag ulgamy bilen üpjün edilen.

​Häzirki wagtda smartfonyň nyrhy barada maglumat berilmeýär. Şeýle-de, bu modeliň dünýä bazaryna çykaryljakdygy ýa-da çykarylmajakdygy barada hem resmi habar ýok.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.