Futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasynda Keti Perri, Future, Lisa we J Balvin çykyş eder

21.05.2026, 08:018,386
1 / 3

2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň guramaçylary ABŞ-da boljak dabara gatnaşjak artistleriň resmi sanawyny yglan etdiler. Kaliforniýadaky dabaranyň esasy ýyldyzlary Keti Perri (Katy Perry), Future, Anitta, Lisa, Rema we Taýla (Tyla) bolar.

2026-njy ýylyň 11-nji iýunyndan 19-njy iýulyna çenli dowam etjek dünýä birinjiligi taryhda ilkinji gezek bir wagtyň özünde üç ýurtda — ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriler.

Açylyş dabarasynyň Amerikan bölegi 12-nji iýunda Inglwuddaky "SoFi Stadium" stadionynda, ABŞ-nyň we Paragwaýyň ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň öň ýanynda bolar. Bu çempionatyň özboluşly aýratynlygy bolsa, ähli kabul ediji ýurtlarda dünýä ýyldyzlarynyň gatnaşmagynda parallel baýramçylyk çäreleriniň guralmagydyr.

Hususan-da, Torontoda Kanadanyň milli ýygyndysynyň Bosniýa we Gersegowina bilen boljak oýnunyň öňüsyrasynda Alanis Morissette, Alessia Cara, Jessie Reyez we Michael Bublé dagy çykyş ederler.

Meksikadaky şüweleň bolsa hemmeden öň, ýagny 11-nji iýunda meşhur "Azteca Stadium" stadionynda Meksika bilen Günorta Afrikanyň duşuşygyndan öň başlar. Meksikanyň maksatnamasynda J Balvin, Taýla, Lila Downs, Los Ángeles Azules, Maná, Alejandro Fernández, Belinda we Danny Ocean ýaly meşhur ýyldyzlaryň çykyşlaryna garaşylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.