BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

22.05.2026, 09:192,148

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady.

BMG-niň Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça departamentiniň hasabatyna görä, 2026-njy ýylda dünýäniň jemi içeri önüminiň (JIÖ) ösüşi 2,5% bolar. Bu görkeziji guramanyň ýanwar aýyndaky çykaryşyndan 0,2 göterim pesdir we pandemiýadan öňki döwürlerden has aşakdyr.

Ýakyn Gündogardaky durnuksyz ýagdaýlar 2023-nji ýyldan bäri peselip gelýän inflýasiýany ýene-de ýokary galdyrdy. Şunlukda inflýasiýa ösen ýurtlarda 2025-nji ýyldaky 2,6% görkezijiden 2026-njy ýylda 2,9%-e galar. Ösüp barýan ýurtlarda bolsa gymmatlaşyk has ýokary bolup, 4,2%-den 5,2%-e ýeter.

Şeýle-de, ýangyç-energiýa serişdeleriniň gymmatlamagy we dökün önümçiligindäki bökdençlikler sebäpli azyk önümleriniň bahasynyň has-da artmak howpy bar. Bu ýagdaý maşgala býujetlerine we döwlet hasaplaryna uly agram salýar.

Iň çalt we görnetin ykdysady haýallama Günbatar Aziýa ýurtlarynda garaşylýar. Beýleki iri döwletlerde bolsa ýagdaý şeýle bolar:

  • Hindistan: ösüşi 6,4% bolar we ol dünýäniň iň çalt ösýän ägirt ykdysadyýeti bolup galmagyny dowam eder;
  • Hytaý: ykdysady ösüşi 5,0%-den 4,6%-e düşer we ep-esli haýallar;
  • ABŞ: öz durnuklylygyny saklamagy başarar we ykdysadyýeti 2,0% öser;
  • Ýewropa Bileleşigi: ösüşi 1,5%-den 1,1%-e çenli peseler;
  • Beýleki Britaniýa: ösüş gaty çalt peselip, 1,4%-den 0,7%-e düşer (tas iki esse haýallar);

BMG-niň bilermenleriniň pikiriçe, dünýä ykdysadyýeti diňe 2027-nji ýylda täzeden durnuklaşyp başlar we global ösüş takmynan 2,8%-e çenli ýokarlanyp biler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.