Los-Anjelesde dünýäde ilkinji dolulygyna emeli aň tehnologiýalaryna esaslanan «Dataland» sungat muzeýi açyldy. Wizual täsirlerden başga-da, onda ses landşaftlary we hoşboý ysly kompozisiýalar ulanylýar.
Muzeý myhmanlar bilen özara gatnaşygyň interaktiw formatyny hödürleýär. Ýörite datçikler adamyň ýürek urşunyň ýygylygyny, deri temperaturasyny we hereketlerini bellige alyp biler, şondan soň ulgam daşky gurşawyň ölçeglerini alnan maglumatlara laýyklykda sazlap, reňkleriň öwüşginlerini, sesiň güýjüni ýa-da hatda howadaky belli bir yslaryň konsentrasiýasyny üýtgedýär.
Munuň özi özara täsirleşmäniň täsin halkasyny döredýär: tomaşaçy sungata täsir edýär, sungat bolsa tomaşaçynyň duýgularyna täsir edýär. Netijede, her bir zyýaratçy özboluşly tejribe alýar. Ekskursiýanyň ahyrynda emeli aň tarapyndan tagamy işlenip düzülen şokolady dadyp görmek ýa-da sergini synlan wagtyňyz ýürek urşuňyz bilen generirlenen gaýtalanmajak suraty bolan futbolkany çap edip çykarmak teklip edilýär.
Taslama «Google» kompaniýasy tarapyndan media-suratkeş Refik Anadol bilen bilelikde döredildi. Muzeý arhitektor Frenk Geri tarapyndan taslanan «The Grand LA» toplumynda ýerleşýär. Ekspozisiýalar 2500 inedördül metr töweregi meýdany eýeläp, hemişe üýtgäp durýan multimediýa gurşawyny görkezýär.
«Maşyn hyýallary: Tropiki tokaý» atly ilkinji serginiň esasyny «Large Nature Model» emeli aň modeli düzdi. Ol tebigat baradaky uly maglumatlar toplumynda öwredilendir we «Google Cloud» bulut infrastrukturasynyň kömegi bilen işleýär. Ulgam 1,2 milliard piksele çenli durulykdaky şekilleri emele getirmäge ukyplydyr.
Guramaçylaryň maglumatlaryna görä, taslamanyň hasaplaýyş infrastrukturasy 87% derejesinde uglerodsyz dikeldilýän energiýa bilen üpjün edilýär. Taslamanyň awtorlary muzeýiň maksadynyň emeli aňyň täze görnüşdäki çeper tejribeleri döretmekdäki mümkinçiliklerini öwrenmekden ybaratdygyny mälim edýärler.