Umra zyýaratçylary täze wiza arkaly Saud Arabystanyna birnäçe gezek gelip-gidip biler

30.07.2026, 17:077,656

Saud Arabystany umra zyýaratyny berjaý edýän zyýaratçylar üçin täze köp gezeklik wizany girizdi. Ol berlen gününden başlap 365 gün güýjünde bolýar we ýurda köp gezek girmäge mümkinçilik berýär, ýöne ýurtda bolmagyň umumy möhleti 90 günden geçmeli däldir.

Täze wizanyň girizilýändigi barada Haj we umra işleri boýunça ministrlik yglan etdi. Saud çap agentliginiň (SPA) maglumatlaryna görä, bu ädim «Saudi Vision 2030» strategiýasyna we zyýaratçylaryň saparlaryny ýeňilleşdirmäge hem-de hödürlenýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen «Pilgrim Experience» maksatnamasyna laýyk gelýär.

Zyýaratçylar wizadan diňe «Nusuk Umrah» sanly platformasy arkaly akkreditirlenen operatordan umra hyzmatlar bukjasyny satyn almak şerti bilen peýdalanyp biler. Bu platforma arkaly zyýaratçylar wiza resmileşdirip, ýaşajak ýerlerini, ulaglary we awia-petekleri bronlap biler.

Saud Arabystanyna gelmezden öň platforma arkaly umra zyýaratyny berjaý etmek üçin rugsatnama almalydyr.

Zyýaratçylyk tamamlanyp, ýurtdan çykylanyndan soň wiza wagtlaýyn ýapylýar. Bellenilen talaplar ýerine ýetirilenden soň, indiki gelişde ony täzeden işjeňleşdirip bolýar. Her ýylky haj möwsüminde bolsa wizanyň hereketi wagtlaýyn togtadylýar.

2026-njy ýylyň başyndan bäri Saud Arabystany umra wizalary boýunça 931,5 müň zyýaratçyny kabul etdi, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 22,5% köpdür. Zyýaratçylaryň köp bölegi Pakistan, Indoneziýa we Yrak döwletlerinden gelýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.