Singapurlylar uzak ýaşamak boýunça birinji ýerde, ýöne bu olaryň sagdyndygyny aňlatmaýar

29.07.2026, 17:026,548

«The Lancet Public Health» žurnalynda çap edilen ylmy barlaga görä, ömür dowamlylygynyň ýokary bolmagy adamlaryň hökman özüni gowy duýýandygyny aňlatmaýar. Alymlar Singapuryň mysalynda ömür dowamlylygy boýunça rekord görkezijileri bolan ýurduň ýaşaýjylarynyň ömrüniň soňky ýyllarynyň ep-esli bölegini hroniki keseller bilen göreşip, gowşak ýagdaýda geçirýändiklerini anyklady.

2023-nji ýyl üçin 204 ýurt boýunça maglumatlaryň seljermesi ortaça singapurlynyň 85 ýyldan gowrak ýaşap biljekdigini görkezdi. Barlagyň awtory, Singapuryň Milli uniwersitetinden doktor Mari Ngiň bellemegine görä, «Singapuryň uzak ömürliligi haýsydyr bir ýeke-täk sebäbi däl-de, oýlanyşykly uzak möhletleýin syýasaty görkezýär».

Mundan başga-da, barlagçylar sagdyn ömrüň dowamlylygyny, ýagny agyr kesel bolmazdan geçen döwre hem baha berdi. Görnüşi ýaly, Singapuryň ýaşaýjylary agyr keseller bolmazdan 80 ýaşyna çenli ýaşap bilýär eken, ýöne olaryň ömrüniň soňky 11,2 ýylynda, ähtimal, saglyk meseleleri ýüze çykar. Ömrüň umumy dowamlylygy bilen sagdyn ömrüň arasyndaky bu tapawudy alymlar «hassalyk aralygy» diýip atlandyrdy. Singapurda ol 1990-njy ýyllardakydan uly boldy.

Dünýä derejesinde garaşylýan ömür dowamlylygy 1990-njy ýyldaky 64,6 ýaşdan 2023-nji ýylda 73,8 ýaşa çenli artdy. Emma sagdyn ömrüň dowamlylygy bu depginlerden yza galýar: häzirki wagtda uly ýaşly adamlar öz ömrüniň, takmynan, ýedi ýylyndan birini ýaramaz saglyk ýagdaýynda geçirýär.

Ömür dowamlylygy bilen sagdyn ömrüň arasyndaky aralyk 204 ýurtdan 203-üsinde artdy, munda diňe Palestina kadadan çykma boldy. Ýaramaz saglyk ýagdaýynda geçirilýän ýyllaryň sany boýunça iň ýokary görkezijili ýurt ABŞ boldy (ortaça 14 ýyl). Ondan soňky orunlarda gelýär:

  • Awstraliýa — 13,9 ýyl
  • Kanada — 13,7 ýyl
  • Täze Zelandiýa — 13,1 ýyl
  • Niderlandlar we San-Marino — 12,9 ýyl
  • Şweýsariýa we Liwan — 12,8 ýyl
  • Beýik Britaniýa we Puerto-Riko — 12,7 ýyl

«Ilatyň köpüsi häzirki wagtda on ýyly ýa-da ondanam köp wagty ýaramaz saglyk ýagdaýynda geçirýär» – diýip, doktor Ng düşündirdi. Ol barha köp ýylyň arka agyrysy, eşidişiň ýitmegi, newrologik näsazlyklar we diabet ýaly keselleri dolandyrmaga gidýändigini belledi.

Birmingem uniwersitetiniň professory Saýmon Jons direg-hereket ediş ulgamynyň näsazlyklaryny «sagdyn ömrüň dowamlylygyndaky bökdençlige goşant goşýan ýeke-täk iň uly faktor» diýip atlandyrdy.

Şunuň bilen baglylykda doktor Ng diňe bir biziň näçe uzak ýaşaýandygymyz däl-de, eýsem ömrümiziň soňky ýyllaryny näderejede gowy geçirýändigimiz barada sorag berip, uzak ömürlilige bolan çemeleşmä täzeden seretmäge çagyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.