Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurda sapar bilen gelen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy hanym Odil Reno-Bassony kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär.
Duşuşygyň başynda myhman Türkmenistanyň milli ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen özgertmelere ýokary baha berip, bankyň hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
Döwlet Baştutany Türkmenistanyň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň köp ýyllardan bäri agzasydygyny we onuň bilen söwda-ykdysady, maliýe-bank ugurlarynda netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini aýdyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlary hökmünde energetika, ulag, sanly ykdysadyýet hem-de daşky gurşawy goramak ýaly ugurlary görkezdi.
Şeýle hem sebit ähmiýetli Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar halkara ulag geçelgelerini döretmek we «ýaşyl» energetikany ösdürmek ýaly ýurtda amala aşyrylýan taslamalara ýa-da täze başlangyçlara bankyň gatnaşmagy üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.
Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň bu bank bilen oba hojalyk pudagyny ösdürmek we suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak ýaly möhüm wezipeler boýunça hem hyzmatdaşlygy ilerletmäge taýýardygy tassyklanyldy.
Duşuşygyň ahyrynda Serdar Berdimuhamedow we hanym Odil Reno-Basso ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Odil Reno-Bassonyň saparynyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen birnäçe duşuşyklary geçirmek göz öňünde tutulýar.