NASA "Nancy Grace Roman" kosmos teleskopyna ýangyç guýmak işini tamamlady. Bu, 30-njy awgusta meýilleşdirilen uçuşyň öňüsyrasynda enjamy taýýarlamagyň iň soňky tapgyrlarynyň biridir.
Hünärmenler obserwatoriýa 290 gallona golaý gidrazin (takmynan 1098 litr ýangyç) ýüklediler. Bu işler Floridadaky Kennedi adyndaky Kosmos merkeziniň "Payload Hazardous Servicing Facility" desgasynda geçirildi.
Raketadan bölüneninden soň, teleskop Gün — Ýer ulgamynyň Ýerden takmynan 1,5 million kilometr uzaklykda ýerleşýän L2 Lagranj nokadyna tarap ugur alar. Bu Orbitada enjam Ýere we Güne görä durnukly аrаlygyny saklap, uzak wagtyň dowamynda astronomiki gözlegleri geçirip biler.

Ýangyç ätiýaçlygy orbitany düzetmek we teleskopyň ugruny saklamak üçin ulanylar. Enjamy elektrik energiýasy bilen alty sany gün paneli üpjün eder. Esasy ylmy maksatnama bäş ýyl üçin göz öňünde tutulan, emma bar bolan ýangyç ýene takmynan bäş ýyllyk işe ýetip biler.
Indiki tapgyrda inženerler teleskopy raketanyň ýokarky basgançagyna ýerleşdirerler we ony goraýjy örtük bilen ýaparlar. NASA we SpaceX-iň bu missiýasynyň uçuşy 30-njy awgustda Floridadaky "Launch Complex 39A" meýdançasyndan "Falcon Heavy" raketasynda meýilleşdirilýär. Teleskop ekzoplanetalary, garaňky energiýany, garaňky materiýany we uzakdaky galaktikalary öwrener.