PFL ligasy bloger Jeýk Poluň kompaniýasy bilen birleşdi: UFС-niň indi täze garşydaşy bar

04.08.2026, 19:035,224

Professional söweş ligasy (PFL) bloger we boksçy Jeýk Pol tarapyndan döredilen «Most Valuable Promotions» (MVP) promouterlik kompaniýasy bilen birleşdi. PFL-iň web-sahypasyndaky resmi beýannama laýyklykda, birleşigiň netijesinde MVP brendiniň astynda hereket etjek söweş sungaty boýunça täze global platforma dörediler.

Birleşen düzüme baş direktor wezipesini alan PFL-iň häzirki ýolbaşçysy Jon Martin ýolbaşçylyk eder. MVP-niň egindeş esaslandyryjylary Jeýk Pol we Nakisa Bidarian direktorlar geňeşine girerler. Bidarian boksçylyk ugruny we iri ýaryşlary wagyz etmek bilen meşgullanmagyny dowam etdirer, Pol bolsa brendi ösdürmäge we tomaşaçylar bilen işleşmäge üns berer.

«Birleşen düzüm täze eýýamyň söweş sporty guramasyny döredip, dünýä derejesindäki boksy, MMA, janly çäreleri, türgenleri ösdürmek işlerini we bütin dünýäde mazmuny ýaýratmagy ýeke-täk guramanyň çäginde jemläp işlär» diýlip, beýannamada aýdylýar.

Täze kompaniýanyň ýygyndysyna dünýä çempionlaryny we titullara esasy dalaşgärler bilen birlikde, takmynan, 400 söweşiji girer.

Şeýle hem MVP «Netflix», «ESPN» we «Sky Sports» ýaly iri teleradioýaýlymlar bilen hereket edýän media ylalaşyklary saklar hem-de PFL-iň halkara hyzmatdaşlar toruny ulanar. Eýýäm 2026-njy ýylyň awgust aýyna boks we MMA boýunça iri ýaryşy geçirmek meýilleşdirilýär.

Belläp geçsek, «Most Valuable Promotions» kompaniýasy Pol we Bidarian tarapyndan 2021-nji ýylda döredildi. Ol öz iş döwründe başa-baş göreş sportunyň taryhynda iň iri wakalaryň birnäçesini, şol sanda Poluň 2024-nji ýylda Maýk Taýson bilen bolan duşuşygyny («Netflix-de 108 million tomaşaçy ýygnady), Keýti Teýloryň we Amanda Serranonyň trilogiýasyny, şeýle hem 2026-njy ýylyň maý aýynda «Netflix»-de MMA boýunça ilkinji ýaryşyny gurnady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.