Döwletjan PFL Charlotte ýaryşynda eminleriň tapawutly çözgüdi bilen Pawellden ýeňildi

08.08.2026, 10:2822,066
1 / 3

Türkmen pälwany we 2024-nji ýylyň PFL Gran-prisiniň ýeňijisi Döwletjan Ýagşymyradow PFL Charlotte ýaryşynda beýik britaniýaly Simeon Pawellden ýeňildi. Ýarym agyr agram derejesindäki tutluşyk eminleriň tapawutly çözgüdi bilen Pawelliň peýdasyna tamamlandy — 30:27, 28:29, 30:27.

Britan türgeni urşuň dowamynda has işjeň hereket etdi we birinji raundyň soňunda böküp, dyzy bilen garşydaşynyň göni ýüzüne depdi. Ýagşymyradow hüjüme döz geldi we jogap bermäge çalyşdy. Ýöne on ýaş kiçi bolan Pawell çalasyn hereket edip, urşy has işjeň dowam etdirdi. Netijede eminler ýeňşi oňa berdiler.

Bu tutluşykdan soň Pawelliň hasabynda 13 ýeňiş we iki ýeňliş bar. Ýagşymyradow indi dokuzynjy ýeňlişine sezewar boldy. Onuň hasabynda 26 ýeňiş bilen bir deňme-deňlik hem bar.

Agşamyň esasy tutluşygy Braýan Battlyň ýeňşi bilen tamamlandy. Amerikaly söweşiji eminleriň tapawutly çözgüdi bilen watandaşy Dalton Rostany ýeňmegi başardy. Rosta yzygiderli basyş we garşydaşyny ýere ýatyrmak synanyşyklary bilen duşuşyga işjeň başlady, ýöne tutluşygyň dowamynda badyny peseltdi. Battl urşuň ikinji ýarymynda ýagdaýy öz eline aldy.

PFL Charlotte esasy kardynyň netijeleri:

  • Braýan Battl Dalton Rostany ýeňdi — tapawutly çözgüt bilen, 29:28, 28:29, 29:28.
  • Simeon Pawell Döwletjan Ýagşymyradowy ýeňdi — tapawutly çözgüt bilen, 30:27, 28:29, 30:27.
  • Aaron Jefferi Joş Silweýrany ýeňdi — biragyzdan, 30:27, 30:27, 30:26.
  • Lýuis Makgrillen Brendon Lýuisi ýeňdi — biragyzdan, 30:27, 29:28, 29:28.
  • Joş Fremd Jonni Gregorini ýeňdi — urgular bilen tehniki nokaut, ikinji raundyň 1:44 minutynda.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.