Türkmen karateçileri Gazagystanda geçen Merkezi Aziýa çempionatynda 21 medal gazandy

05.08.2026, 18:233,582
1 / 3

Türkmen türgenleri Gazagystanyň Aktau şäherinde karateniň WKF görnüşi boýunça geçirilen Merkezi Aziýanyň 11-nji çempionatynda 21 medal (4 altyn, 7 kümüş we 10 bürünç) gazandy.

Eýran, Gazagystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan ýurtlaryndan 421 karateçiniň gatnaşmagynda geçen bu ýaryşda Türkmenistanyň ýygyndysy umumy medal hasabynda 4-nji orny eýeledi.

Ýaryşyň ilkinji gününde türkmen türgenleri kata görnüşi boýunça 4 medal, ikinji günde kumite görnüşi boýunça 9 medal eýeledi.

Jemleýji günde bolsa türkmen karateçileri ýygyndynyň medal hasabyna ýene 8 baýrak goşdy. Alymuhammet Kakalyýew (14–15 ýaş, 63 kg çenli) altyn medal gazanyp, hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna çykdy. Remezan Gurbanow (14–15 ýaş, 63 kg çenli), Gurbannazar Amandurdyýew (16–17 ýaş, 55 kg çenli) we Diana Gorinowa (16–17 ýaş, 66 kg çenli) bolsa kümüş medallara mynasyp boldy.

Remezan Orazmämmedow (14–15 ýaş, 57 kg çenli), Nurana Amandurdyýewa (14–15 ýaş, 61 kg-den ýokary), Annaoraz Azadow (16–17 ýaş, 68 kg çenli) we Arslan Babanazarow (uly ýaşlylar, 84 kg-den ýokary) bürünç medallar bilen sylaglandy.

Milli ýygyndyny ýaryşa baş tälimçi Aýdyn Çaryýew, kömekçisi Esenbaý Ýazmedow hem-de tälimçiler Maksat Atdaýew bilen Serdar Muhammetnazarow taýýarlady. Medallar boýunça ilkinji üçlüge Gazagystan, Eýran we Gyrgyzystan girdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.